Te­bi­gat­da bo­lup geç­ýän tä­sin ha­dy­sa­lar ir­ki asyr­lar­dan bä­ri adam­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çe­kip gel­ýär. Şeý­le ha­dy­sa­la­ryň bi­ri hem wul­ka­nyň atyl­ma­gy­dyr. Wul­kan ada­lar­da has köp atyl­ýar. Mu­ňa Çi­li, ABŞ, In­do­ne­zi­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Rus­si­ýa, Tä­ze Gwi­ne­ýa, Is­lan­di­ýa we Ton­ga ýa­ly ýurt­la­ry my­sal ge­tir­mek bo­lar. Eý­sem, köp­lenç ha­bar­lar­da eşidil­ýän ýa-da ki­no­film­ler­de gör­ülýän bu ha­dy­sa­ nä­dip eme­le gel­ýär­kä?
Köp ýurt­da ula­nyl­ýan «wul­kan» adal­ga­sy rim­li­le­riň ot hu­da­ýy Wul­ka­nyň adyn­dan ge­lip çyk­ýar. Türk­men ede­bi di­lin­de bu ha­dy­sa ýa­nar­dag di­ýil­ýär. Gyz­gyn la­wa­nyň, kü­lüň we gaz­la­ryň ýe­riň aşa­gyn­da­ky mag­ma gat­la­gyn­dan aty­lyp çyk­ma­gy ne­ti­je­sin­de wul­kan eme­le gel­ýär. Mag­ma wul­ka­nyň için­dä­ki gyz­gyn su­wuk­lyk bo­lup, Ýer ýüzü­ne çy­kan­dan soň bu gyz­gyn lä­bi­ge la­wa di­ýil­ýär. La­wa 1 müň 250 de­re­je gyz­gyn­ly­ga çen­li ýe­tip, uly aryk ýa­ly bir­nä­çe ki­lo­met­re çen­li akyp bil­ýär.
Wul­kan köp­lenç tek­to­nik pli­ta­la­ryň bö­lün­ýän ýa-da bir­leş­ýän ýe­rin­de atyl­ýar. Ýe­riň tek­to­nik pli­ta­la­ry­nyň kö­pü­si­niň su­wuň düý­bün­de­di­gi se­bäp­li, bu ha­dy­sa köp­lenç um­man­la­ryň düý­bün­de bo­lup geç­ýär. Şol se­bäp­li um­man­la­ryň düý­bün­de we kä­bir ýer­de suw­dan çy­kyp saý­ga­ry­lyp du­ran dag ge­riş­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Kä­bir ýer­de wag­tal-wag­tal gyz­gyn la­wa aty­lyp, wul­kan bir­nä­çe ýyl­lap gy­zyl ot bo­lup ýan­ýar. Mu­ňa iş­jeň wul­kan di­ýil­ýär. Dün­ýä­de, tak­my­nan, 1 müň 900 sany iş­jeň wul­kan bar. Ýer ýü­zün­dä­ki iň iş­jeň wul­kan Ga­wai­dä­ki «Mau­na Loa» ha­sap­lan­ýar. «Mau­na Loa» dün­ýä­niň iň be­ýik no­ka­dy Ewe­rest da­gyn­dan be­ýik bo­lup, be­ýik­li­gi 9 müň 170 met­re ýet­ýär. Kä­bir wul­kan aty­lan­dan soň, bir­nä­çe ýyl­dan gu­rap, daş-tö­we­re­gin­de owa­dan peý­zaž eme­le gel­ýär. Bu­lar sö­nen wul­kan bo­lup, baş­ga­ça kra­ter hem di­ýil­ýär. Kra­ter­le­riň esa­sy bö­le­gi­ne Rus­si­ýa­da we Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da duş gel­mek bol­ýar.
Wul­ka­nyň atyl­ma­gy şol ýe­riň tem­pe­ra­tu­ra­sy­na hem tä­sir ed­ýär. Wul­kan­da­ky kül we kü­kürt kis­lo­ta­sy­nyň dam­ja­la­ry Gü­ni ört­ýär we Ýe­riň tro­pos­fe­ra­sy­ny so­wad­ýar. Uly wul­kan­la­ryň atyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de kä­bir ýer­de uzak wagt­lap gyş pas­ly do­wam ed­ýär. Ast­ro­nom­lar Ýer­den baş­ga pla­ne­ta­lar­da hem wul­ka­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. My­sal üçin, We­ne­rada we Mars­da örän köp wul­ka­nyň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Gün ul­ga­myn­da­ky iň uly wul­kan Mars­dan ta­py­lan «Olym­pus Mons» ha­sap­lan­ýar.