Wýetnam Respublikasy Günorta-Gündogar Aziýanyň iň çalt ösýän jahankeşdelik mekanyna öwrüldi we meşhurlygy boýunça üçünji orny eýeledi. Bu barada ABŞ-nyň «Bloomberg» agentligi habar berýär. Ýurduň Milli syýahatçylyk müdirliginiň maglumatlaryna görä, geçen ýyl ýurda 17,5 million daşary ýurtly syýahatçy barypdyr.
Syýahatçy kabul etmek boýunça sebitiň liderleri Tailand (35 million syýahatçy) we Malaýziýa (25 million syýahatçy) bolsa-da, Wýetnam pandemiýadan soň syýahatçylygy dikeltmekde olardan öňe geçdi. Ýurt 2019-njy ýyldaky syýahatçy akymynyň 93 göterimini täzeden gazandy. Bu görkeziji Tailandda 87,5 göterime, Singapurda bolsa 86 göterime deň. 2025-nji ýylyň başyndan bäri, Wýetnam, 4 million töweregi syýahatçyny kabul etdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30,2% köpdür.
Ýurda gelýän syýahatçylaryň sanynyň çalt ösmeginiň esasy sebäpleri, syýahat etmegiň oňaýlylygy, 2023-nji ýylda girizilen we 90 güne çenli galmaga mümkinçilik berýän elektron wiza ulgamy hem-de wiza talap edilmeýän ýurtlaryň sanawynyň giňeldilmegidir. Şeýle sanawa Germaniýa, Fransiýa, Russiýa we Ýaponiýa girýär. Mundan başga-da Wýetnamda meşhur myhmanhana ulgamlary işjeň iş alyp barýar, bu bolsa, syýahatçylaryň sanynyň artmagyna ýardam berýär.
Wýetnam Sosialistik Respublikasy – Hindihytaý ýarym adasyndaky Günorta-Gündogar Aziýada bir döwletdir. Günbatarda Laos we Kamboja, demirgazykda Hytaý bilen serhetleşýär, gündogarda we günortada Günorta Hytaý deňzi bilen ýuwulýar. Maglumatlara görä, Wýetnamyň ilaty, takmynan, 100 milliondan gowrak adama deň.