Wýetnamyň Milli ýygnagy (parlament) Kommunistik partiýanyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy Wo Wan Thyongyň ýurduň prezidentligine dalaşgärligine garady we tassyklady. Bu barada 2-nji martda Wýetnam hökümetiniň internet portalynda habar berildi.
Wýetnamyň täze Prezidentiniň dalaşgärligi tassyklanandan soň, ol parlament deputatlarynyň öňünde kasam kabul etdi.
18-nji ýanwarda Wýetnamyň wise-prezidenti Wo Thi Anh Suan ýurduň wagtlaýyn prezidenti wezipesine bellendi.
Ondan öň Wýetnamyň Prezidenti Nguyen Suan Fuk işinden çekildi. Prezidentiň meýletin işden çekilmegi Wýetnam Kommunistik partiýasynyň Merkezi komiteti tarapyndan tassyklandy. Nguyen Suan Fuk 2016-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli Wýetnamyň Premýer-ministri bolup işledi. 2021-nji ýylyň aprelinde ýurduň prezidenti wezipesine saýlandy.