Tebigatda bolup biläýjek ýangyn hadysalaryň öňüni almak üçin öri meýdanlarda, pudaklaýyn edara-kärhanalaryna degişli bolan tokaý-seýilgäh zolaklarynda guran hapa-haşal otlar aýrylyp, arassaçylyk işleri geçirilip, ýangyn howpsuzlyk araçäkleri döredilmeli, sürüm we arassaçylyk işlerine gatnaşýan ähli işgärlere, sürüjilere, bagbanlara ýolbaşçylary tarapyndan ýangyn howply möwsimiň dowamynda yzygiderli ýangyn howpuna garşy wagyz-ündew işleri geçirilmelidir. Şeýle-de tokaý-seýilgäh zolaklarynda işleýän ähli tehnikalar ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilip, olaryň tüsseçykaryjylary uçgun söndüriji bilen berk ýapylmalydyr.
Bahar paslynyň dowam edýän şu günleri ildeşlerimiz maşgala bolup tebigata, tokaý-seýilgäh zolaklaryna gezelenç edenlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny doly berjaý etmelidirler. Tebigata çykylanda ot ýakmagyň, otluçöp galyndysyny zyňmagyň, awtoulaglaryň ýag we ýangyç siňen esgilerini, çüýşe döwüklerini taşlamagyň howpludygyny unutmaly däldir. Çüýşeden, aýna döwüklerinden Gün şöhlesi geçip, ýangyn howpunyň döremegi mümkin.
Mähriban ildeşler, tebigat biziň ählimiziň bahasyna ýetip bolmajak baýlygymyzdyr, ony aýawly saklap, ýangyn howpundan goramak bolsa ählimiziň borjumyzdyr.
Geldimämmet Rejepow,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 104-nji ýangyn howpsuzlygy bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.