7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy.
Zehinli ýaş aýdymçylaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynda ata Watanymyzy, tebigatymyzyň gözelligini we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Döredijilik bäsleşigi üç tapgyrda geçirildi. Onuň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar aýdymlary sazly we sazsyz görnüşde ýerine ýetirdiler. Olaryň çykyşlaryna ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlaryndan düzülen eminler topary baha berdi. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygyna, sahnada özüni alyp barşyna hem baha berildi. Bäsleşigiň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryndan saýlanyp, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary aýdymçylar üçin aýdym-saz dünýäsine aralaşmakda möhüm badalga boldy.
Konsertiň başynda jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Ýaňlan, Diýarym!» atly aýdym döredijilik çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra ýaş aýdymçylar nusgawy we häzirki zaman aýdym-sazlaryny özünde jemleýän joşgunly çykyşlary tomaşaçylara hödürlediler. Olarda döwrebap äheňler, gadymy halk mukamlary sazlaşykly utgaşyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, halkymyzyň ruhy-medeni hazynasyny baýlaşdyrýan aýdym-saz eserleriniň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.
Jemleýji tapgyryň konsertine meşhurlyk gazanan ussat aýdymçylar we geçen ýyllaryň gözden geçirişleriniň ýeňijileri hem çagyryldy.
Soňra bäsleşigiň jemi jemlenildi. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijiler yglan edildi we olara ýörite diplomlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.


Bäsleşigiň ýeňijileri:
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Aýna Begenjowna Baýramgeldiýewa;
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangözel Gurbanmyradowna Gurbanmyradowa;
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Alp-Arslan Ýusupowiç Ýusupow;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap geňeşiniň sürüjisi Ýunus Aşyrdurdyýewiç Aşyrdurdyýew;
Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Yhlas Durdygylyjowiç Atekaýew;
Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Esgi geňeşligindäki Gyzylgaýa oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Resul Guwanjowiç Guwanjow;
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Remezan Bäşimmuhammedowiç Işankulyýew.