Dünýäde “Günüň dogýan ýurdy” diýlip tanalýan Ýaponiýa dürli medeni däp-dessurlara, edebi gymmatlyklara juda baýdyr. Bu ýurt öz halkynyň tutanýerliligine, zähmetsöýerligine buýsanmaga haklydyr. Ýaponlar öz ýurduny Ikinji jahan urşunyň dartgynly wakalaryndan soň tiz aýaga galdyrdylar, özleriniň erjel zähmetleri bilen Ýaponiýany baý we gülläp ösýän döwlete öwürdiler. Ýazyjy-şahyrlar bolsa baý çeper edebiýaty bilen ýurduň adyny bütin dünýä tanatdylar. Hut şeýle ýazjylar şu günki gün bütin dünýäniň okyjylarynyň dilinden düşenok.
Ýaponiýanyň ilkinji ýazuw ýadygärlikleri miladynyň VII-VIII asyrlaryna degişlidir. Olar “Taýhorýonuň kanunlar ýygyndysy”, taryhy mifologik ýygyndy “Kodziki”, taryhy hronika ýygyndysy “Nihongi” we şol döwürdäki Ýaponiýanyň welaýatlarynyň taryhy-georafik teswirlemesi bolan “Fudoki” ýaly ýazuw ýadygärliklerinden ybaratdyr. VIII asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykyp, biziň günlerimize gelip ýeten edebi ýadygärlikleriň biri hem şahyrana tezkire “Manýosýu” diýlip atlandyrylýar. Şol döwürde Hitomaro, Akahito we Okury ýaly uly şahyrlar öňe saýlanyp, galapyn, golsuz we folklor şygryýet döredilipdirler. Ýapon edebiýatynyň bu gymmatly ýazuw ýadygärlikleri biziň günlerimize çenli özüniň estetik ähmiýetini ýitirenok. Ol edebi şygryýetiň, onuň baş žanrlarynyň, şol sanda has giňden ýaýran bäş setirli şygyr galyby – “tankanyň” (“gysga aýdymyň”) emele geliş ýollaryny derňemäge mümkinçilik berýär.
Liriki şygryýetiň soňky ösüşi “Kokinwakasýu” (922-nji ýyl.) tezkiresinde ýüze çykyp, Ariwarono Narihira, Ki-no Suraýuki, şahyr zenan Onono Komati dagy onuň iň gowy wekilleridir. Olar örän näzik şahyrana usullary döredip, “tankanyň” çeper tärlerini kemala getiripdirler.
IX-XI asyrlardaky ýapon edebiýaty ençeme kyssa žanrynyň ýüze çykmagy bilen häsiýetlenýär. “Taketori – monogatari” (“Bambuk kesiji hakda kyssa”) ilkinji kyssa bilen ýazylan çeper eser bolupdyr. Şygryýetiň täsiri bilen liriki kyssalar (uta-monogatari) düzülip, onda şygyr we kyssa bilen ýazylan tekstler utgaşýar. Bu žanryň iň gowy nusgasy “Ise-monogatari” (“Ise hakda kyssa”) diýlip ykrar edilendir. “Dzuýhisu” atly esse žanry peýda bolup, ony “Makura-no sosi”-niň (“Başuçdaky ýazgylar”, X asyryň ahyrlary XI asyryň başlary) awtory ýazyjy zenan Seý Sýonagon esaslandyrýar.
“Tendzi-monogatari” (“Gendzi hakda kyssa”, XI asyryň başlary) atly dünýä edebiýatynyň ilkinji romanlarynyň biri bolsa, meşhur ýazyjy zenan Murasaki Sikibunyň galamynyň astyndan çykypdyr. Beýleki ýurtlar bilen syýasy we medeni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagy hytaý we beýleki ülkeleriň edebi sýužetleriniň giňden ýaýramagyna alyp barypdyr. Muňa XII asyrda ýazylan “Kondzýaku-monogatari” doly aýdyňlygy bilen güwä geçýär. XII asyrda samuraýlaryň harby-feodal gatlagynyň taryhy sahna çykmagy olaryň durmuşynda “Gunki” atly harby epopeýa žanrynyň peýda bolmagyna alyp barýar. Bu harby žanrda samuraýlaryň ideologiýasynyň döreýşi we özgerişi barada gürrüň gozgalýar. “Gunkileriň” arasynda “Heýke-mo-nogotari” (“Taýranyň öýi hakda kyssa”, XIII asyr) we “Teýheýki” (“Beýik dünýä hakda hekaýat”, XIV asyr) has uly meşhurlyga eýedir. Şygryýetde “renga” atly iki setirli žanr giňden ýaýrap başlaýar. Şol döwürde “Sin-Kokinwakasýu” ýaly başga-da birnäçe tezkireler peýda bolýar. Şeýle hem “dzuýhisu” žanry ösüp başlap, muňa Kenko-no Hosiniň “Suredzuregusasyny” ýatlap geçmek ýerlikli bolar.
XVI-XVII asyrlarda şäherleriň we söwdanyň ösmegi bilen edebiýat hem ösýär. Bu döwrüň iň uly ýazyjylarynyň biri Ihara Saýkaku (1642—1693) bolup, onuň eserlerinde orta asyrdaky ýaponlaryň şäher durmuşy öz beýanyny tapypdyr. Dramaturgiýada Tikamasu Mondzamonyň (1653—1725) döredijiligi aýratyn ähmiýet eýe bolup, ol taryhy we durmuş dramalaryny – “dzidaýgekleri” we “sewamonalary” döredipdir. Şol döwürde şygryýetde baş žanr üç şygyrly strofa – “haýku” öňe saýlanýar. Masuo Base, Ýosa Buson, Kobaýasi Issa dagy bu žanrda belli eserleri döreden şahyrlardyr. Takidzawa Bakiniň (1767-1848 ýyllar) “Sekiz itiň taryhy” (1814) atly romany arkaly öwüt-ündew beriji žanr ösüp başlaýar. Öwüt-nesihat beriji äheňdäki edebiýatyň başynda Ueda Akinari (1734—1809) ilkinji bolup çykyş edipdir, emma, wakalara baý romantik mazmunly nowellalar (“Dumandaky aý”, 1768) ýazyja uly abraý getiripdir. “Kibýosi” we “kokkeýbon” žanrlaryndaky durmuşy suratlandyrýan roman şäher durmuşynyň sahnasyny suratlandyryp, onda Sikiteý Sambanyň (1776-1822) döredijiligine eýerilýär. Samba “Häzirki zaman hammamy” (1808-1813-nji ý.ý.) we “Häzirki zaman dellekhanasy” (1813-1814-nji ý.ý.) ýaly hekaýatlary bilen adygandyr.
XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda ýapon medeniýetiniň taryhynda iň çylşyrymly we şol birwagtyň özünde möwç urýan döwür bolupdyr. “Meýdzi” ynkylabyndan soňra, jemgyýetçilik durmuşyndaky bolup geçýän özgerişlikleriň täsiri we ýurda ýewropa sungatynyň we edebiýatynyň okgunly aralaşmagy netijesinde, durmuşa täzeçe garaýyş ukyplarynyň kemala geliş prosesi başlanypdyr.
Ýaponiýada şygryýetiň täze galyplary döräp, onda XIX asyryň döwürdeş romantikleriniň eserleri öňe sürlip, ýewropa galyplaryndaky şygryýete ýykgyn edilip başlanypdyr. Eger-de, “Meýdzi” kyssasynda edebi dile gepleşik diliniň goşulmagy duýulýan bolsa, şygryýetde heniz hem bütinleý “Bungo” diliniň gadymy ýazuwy hasaplanýan “ýokary usul” ulanylypdyr. “Sintaisiň altyn asyrynyň” (“täze usulda ýazylan şygyr”) başlamagy, Toson Simadzakiniň (1872–1943) “Ýaş nesil” (1897) atly romantik ýygyndysynyň neşir edilmegi bilen dabaralanypdyr. Ýaponiýada simwolizmiň (XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda buržuaz edebiýatyndaky hem-de sungatyndaky antirealistik akym) pajarlap ösüşi B. Uedy, K. Nagai, O. Mori we beýleki ýazyjylaryň tagallalary bilen amala aşyrylypdyr. Olar Bodler, Berlen, Rembo, Mallarme we beýleki ýewropa şahyr-simwolistleriniň eserlerini terjime edip, ýapon okyjylaryny tanyşdyrypdyrlar. Şol birwagtyň özünde Günbatar simwolizminiň nazaryýeti köplenç “ýugen” (“Pynhan many”) we “Wabi” (“Baky ýekeligiň hasraty”) ýaly orta asyr ýapon şygryýet täri bilen sazlaşypdyr. Ýapon simwolizminiň belli wekilleriniň arasynda H. Kitahara we R. Mikiniň atlaryny ýatlap bolar. XX asyryň 10-20-nji ýyllarynda naturalizm akymy (sidzensýu-gi) edebiýatda agalyk ediji ugur bolupdyr. S. Futabateýa, R. Tokutomi, S. Nasume, D. Kunikidy, T. Simadzaki dagy onuň görnükli wekilleri bolup, olaryň eserlerinde tankydy realizmiň aýratynlyklary şöhlelenýär. “Ego-romana” (watakusi sýosesu — “özüň hakda roman”) žanry has giňden ýaýrap, K. Taýama onuň başyny başlaýjy hasaplanýar.
XX asyryň ikinji onýyllygynda edebiýatda naturalizm ýörelgelerinden uzaklaşýan birnäçe täze meýiller ýüze çykýar. Şeýlelikde, neoromantizm akymy döräp, özlerini estetizmiň tarapdarlary (tambiha) hasaplaýan K. Hataý, D. Tanidzaki we M. Kinosita ýaly ýazyjylar peýda bolýar. Hagiwaranyň “Aýda göreşýärin” (1917) we “Gök pişik” (1923), atly şygyrlar ýygyndysy “gendaýsi” atly liriki ýörelgäniň – täze döwrüň “häzirki zaman şygyrlarynyň” başyny başlapdyr.
Sensualizm däl (sinkankakuha) akym Ý. Kawabata, R. Ýokamisu, H. Sato ýaly belli ýazyjylary öňe çykardy. Olar sadalygyň örän oňat göreldedigini, adamzat aragatnaşyklarynyň tebygy bolmalydygyny we ynsanyň tebigata goşulyp gitmelidigini beýan edipdirler. Şygryýetde sensualizme eýerijiler – S. Hagiwara, S. Mura, B. Ýamamura dagy köp sanly modernizm akymlarynyň we mekdepleriniň esasyny goýujylar bolupdyr. Bu döwrüň iň uly wekilleriniň biri hem R. Akutagowa ussat ýazyjy we aňrybaş derejä ýeten psiholog bolupdyr. Birinji we Ikinji jahan urşy ýyllarynda ýapon edebiýatynda belli bir derejede çäklendirmeler bolupdyr.
Ikinji jahan urşundan soň, ozalky ykrar edilen halypalaryň eserleri çapa taýýarlanyp başlapdyr. 1946-njy ýylda K. Nagainiň birnäçe eserleri, şol sanda “Kafunyň gündeligi” we “Betbagtçylyk bilen gurşalanyň gündeligi” neşir edilipdir. Şol ýyl hem N. Siginiň “Kül reňkli Aý”, D. Tanidzakiniň “Ownuk gar” romany peýda bolýar. Tanidzaki “Açar” (1956) “Akly çaşan garrynyň gündeligi” (1962) ýaly uly göwrümli eserlerinde gözellik we söýgi mowzuklaryndan söz açýar. Ikinji jahan urşundan soňra Ýa. Kawabaty üçin hem önjeýli döwür bolup, ol birnäçe meşhur eserlerini döredýär we 1968-nji ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragy bilen sylaglanýar.
50-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda “üçünji täze” (“Daýsanno sindzin”) diýlip atlandyrylýan nesil edebi sahna gelip, olaryň hatarynda S. Ýasuoka, D. Ýoiýuki, D. Sýono, H. Kodzimo we beýlekiler has öňe saýlanýarlar. Olaryň döredijiliginde adamyň gündelik durmuşyny suratlandyrmaga uly orun berlip, ynsanyň içki dünýäsinde gopýan harasatlar beýan edilýär. Bu ýazyjylar hem öz şahsy tejribesini beýan etmäge ünsi netijesinde, “Özüňe ýüzlenýänler” ýa-da “Tutuk nesil” (naýko sedaý”) diýen ada eýe bolupdyrlar.
Häzirki zaman ýapon şygryýetiniň gazanan uly üstünlikleri K. Abe, T. Kaýko we K Oe dagynyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. “Gumly zenan” (1962), “Bigäne ýüz” (1964), “Adam- gapyrjak” (1973) ýaly eserler bolsa, Abeniň döredijiliginiň iň bir goýazylanan döwründe döredilipdir. T. Kaikanyň “Ýapon operasy” (1959), “Tomusky tümlük” (1972) ýaly eserleri hem okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan romanlardyr.
K. Oeniň döredijiliginde onuň döwürdeşleriniň ruhy terjimehalynyň köp sanly häsiýetleri şöhlelenýär. Onuň “Gijä galan ýaşlar” (1962), “Göwnümi gurşan suwlar” (1973), “Döwürdeşleriň oýny” (1979) ýaly eserleri bu mowzuga bagyşlanýar. Oe häzirki zaman adamsynyň öňünde orboýuna galýan wajyp filosofik we ahlak-etiki meseleleri orta atýar. Şeýle hem 70-nji ýyllarda ýapon edebi tankydynda K. Nakatami we R. Murakami ýaly zehinli ýazyjylar ýüze çykypdyr. Şeýlelikde, häzirki zaman ýapon edebiýaty adatdan daşary ösüş depginleri bilen häsiýetlenip, onda her ýylda onlarça täze atlar peýda bolýar we täze meýiller ýüze çykýar. Edebi ýörelgäniň baş ugry häzirki zamanyň gapma-garşylyklaryny we çylşyrymly meselelerini çözmekde ýazyjylaryň çeper galyplary tapmak üçin edýän tagallalaryndan ybaratdyr.
Häzirki zaman ýapon edebiýaty
Şeýle hem häzirki wagtda Ýaponiýada iň belli žanrlaryň biri “mangadyr”. “Manga” žanrynda ýazylan kitaplar ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Käbir adamlar üçin ol diňe ýapon komiksleri bolsa-da, ol bütin dünýäde belli bolup, millionlarça okyjysy bar. Çünki, çekilen şekillerde gahrymanyň ähli duýgulary beýan edilip, dil bilen beýan edilendäkä garanyňda, has gowy düşünip bolýar. “Manga” “täsin we geň şekiller” diýen manyny berýär.
Häzirki zaman ýapon edebiýatyna Günbatar ýurtlarynyň medeniýeti güýçli täsirini ýetiripdir. Şu gün Günüň dogýan ýurdunda täze žanrlary döredýän dünýä belli ýazyjylar döräp gidip otyr. Ýaponiýanyň häzirki zaman ýazyjylarynyň arasynda iň meşhury Haruki Murakami bolup, kitaplary iň köp neşir edilýän awtorlaryň biridir. Murakamidan başga Ýukio Misuta, Kirina Nasuo, Rýu Murakami, Maruýama Kendzi, Banana Ýosimoto, Kodzi Sudzuki, Ýoko Towada ýaly ýapon kyssaçylary dünýä derejesinde uly meşhurlyga eýe boldular. Olar edebiýatyň ösüşine uly goşant goşan ýazyjylar bolup, gyzykly kitaplary bilen okyjylaryň söýgüsini gazanan awtorlardyr.
Haruki Murakami dünýäde iň meşhur ýazyjylaryň biri bolup, köp sanly halkara baýraklarynyň eýesidir. Onuň eserleri 40-dan gowrak dile terjime edildi. Daşary ýurtlaryň okyjylaryna onuň “Goç awy”, “Norwegiýa tokaýy”, “Kärhana guşunyň hronikasy”, “Plýaždaky kafka” we “1Q84”, “Solgun Skuru Tadzaki we onuň jahankeşdelik eden ýyllary” we “Roman ýazmak hünäri” ýaly kitaplary bellidir.
Häzirki wagtda Ýapon edebiýatynda Ýewropa edebiýatynyň meýilleri uly täsir edýär. Ýapon ýazyjylarynyň Ýewropa edebiýatyny çynlakaý öwrenmegi netijesinde, naýbaşy eserler peýda bolupdyr. Şu günki günde Günüň dogýan ýurdunda dürli ugurlar boýunça dünýä belli ýazyjylar döräp, olaryň eserlerinde täze meýiller we akymlar peýda bolýar.

Ýegenmämmet Taýlyýew,
“Zaman-Türkmenistan”.