Ýaponiýanyň iň uly uniwersitetlerinden biri birnäçe ýerli kompaniýalar bilen tagallalaryny birleşdirip, tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmakda ulanyljak häzirki zaman adampisind robotlaryny bilelikde işläp düzer.
Waseda uniwersiteti “Murata”, “Tmsuk” we “Sre Holdings” ýaly ýerli kompaniýalar bilen bilelikde boýy 3 metr, agramy 300 kilogram bolan adamsypat robotlaryny bilelikde işläp düzmegi we öndürmegi maksat edinýär. Şeýle robotlar sagatda 5 km tizlikde hereket edip, 100 kg-dan gowrak ýüki göterip bilerler. Bu robotlaryň esasy wezipesi, ýertitremelerden we Ýaponiýada yzygiderli ýüzbe-ýüz bolunýan beýleki tebigy betbagtçylyklardan soň galyndylary arassalamak bolar.
Synag modeliniň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli taýýar bolmagyna we köpçülikleýin önümçiligiň 2029-njy ýyla çenli başlamagyna garaşylýar. Şeýle hem, bu ösüş bilen ýapon hünärmenleri, meşhur adamsypat robot Asimony döreden robot pudagyndaky liderligi öz ýurduna gaýtaryp getirmegi umyt baglaýarlar.