Ýaponiýada ýurduň Premýer-ministri wezipesine ilkinji gezek zenan saýlanyp biler. Bu barada «Reuters» habarlar agentligine habar berdi. Häzirki Premýer-ministr Sigeru Isibanyň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) başlygy we hökümet başlygy wezipesinden çekilmek baradaky karary bilen baglylykda, onuň ornuna Sanae Takaiti iň amatly dalaşgär hasaplanýar.
Isibanyň hökümetinde ykdysadyýet ministri we daşary işler ministri bolup işlän 64 ýaşly Takaiti, saýlanan halatynda Ýaponiýanyň taryhynda ilkinji zenan Premýer-ministr bolar. Premýer-ministrlige dalaş edýän beýleki dalaşgärleriň arasynda Sindziro Koidzumi, Ýosimasa Haýasi, Ýosihiko Noda we Ýuitiro Tamaki bar.
Soňky saýlawda Sanae Takaiti ikinji tapgyra çykyp, 21 ses tapawudy bilen Sigeru Isibadan (194 – 215) ýeňilipdi.