Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida parlamentiň aşaky palatasyny ýatyryp, 31-nji oktýabrda saýlaw geçirmek baradaky niýetini resmi taýdan mälim etdi. Ol bu barada özüniň ilkinji metbugat ýygnagynda aýtdy.
-Aşaky palatanyň ygtyýarlyk möhleti 21-nji oktýabrda gutarýar. Men maksatnamalarym barada çykyş etmekçi we parlament maslahatlaryndan soň, 14-nji oktýabrda aşaky palatany ýatyrmak niýetim bar. 19-njy oktýabrda saýlaw kampaniýasynyň başlanyp, ses berişligiň 31-nji oktýabrda geçirilmegini meýilleşdirýäriň. Meniň pikirimçe, häzirki ýagdaýy göz öňünde tutup, bular mümkin boldugyça gysga wagtda berjaý edilmeli – diýip, Fumio Kisida belledi.
Ol koronawirus ýokançlygynyň peselmegi sebäpli saýlawlary mümkin boldugyça gysga wagtda geçirmegiň zerurdygyny, ýöne ýagdaýyň islendik wagtda üýtgäp biljekdigini düşündirdi. Şeýle hem, ykdysady taýdan dikeldiş işlerine gysga wagtda başlamak üçin halkdan gysga wagtda ynam mandatyny soramak isleýändigini aýtdy.