Ýaponiýanyň kenarynda täze ada peýda boldy. Bu ada Tokionyň 1200 kilometr günortasynda, Iwoto adasynyň kenaryndaky suwasty wulkanyň atylmagy netijesinde emele geldi. Bu dünýädäki iň täze adadyr. Alymlaryň maglumatlaryna görä, oktýabr aýynyň ahyrynda gaty magma deňziň ýüzüne çogup, üýşüp başlady we diametri, takmynan, 100 metre ýetýän gury ýeri emele getirdi. Hünärmenler, lawanyň atylyp çykmagy dowam etse, täze adanyň ulalyp ýa-da görnüşini üýtgedip biljekdigini, ýöne suwuň aşagynda ýitip hem biljekdigini aýdýarlar.
Dünýäniň dürli ýerlerinde wulkanyň atylmagy netijesinde täze adalar emele gelýär ýa-da bar bolan adalaryň meýdany giňeýär. Mundan ozal hem Ýuwaş ummanynda Ýaponiýanyň we Tonga Respublikasynyň kenarlaryna golaý ýerlerde, Gyzyl deňizde wulkanyň atylmagy netijesinde adalar emele gelipdi. Täze adalarda guşlar we suw akymy arkaly dürli ösümlikleriň tohumy baryp ýetýär we ol ýerde flora emele gelýär.