Ýa­pon­lar uzak ýa­şa­ýan­dy­gy bi­len ta­nal­ýar. Bi­ler­men­ler mu­nuň di­ňe ýur­duň dag­lyk we deň­ze go­laý te­bi­ga­ty däl-de, gün­de­lik en­dik­le­ri bi­len hem bag­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ýa­pon­lar na­har­la­nan­da, adat­ça örän ha­ýal iý­ýär­ler. Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, bu ýag­daý iý­mi­tiň has go­wy siň­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şeý­le hem bu ýur­duň sa­ça­gyn­da go­ýul­ýan iý­mi­tiň gör­nü­şi köp, möç­be­ri az bol­ýar. Ýag­ny olar her zat­dan az muk­dar­da iý­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, olar de­ňag­ram­ly iý­mit­len­ýär­ler. Beý­le­ki Uzak Gün­do­gar ýurt­la­ryn­da bol­şy ýa­ly ýa­pon­lar gü­nüň do­wa­myn­da fi­zi­ki iş­jeň­li­gi unut­ma­ýar­lar. Py­ýa­da ge­ze­lenç et­mek, we­lo­si­ped sür­mek ýa­pon­la­ryň gün­de­lik pi­şe­si ha­sap­lan­ýar. Gü­nüň do­wa­myn­da fi­zi­ki taý­dan iş­jeň bol­nan ýag­da­ýyn­da sport za­ly­na gat­na­maz­dan hem be­de­ni­ňi ka­da­ly ag­ram­da sak­lap bol­ýar. Sa­çak­dan doý­man­kaň tur­mak hem ýa­pon­la­ryň en­dik­le­ri­niň bi­ri­dir. Ýa­pon­ça­da 80 gö­te­rim doý­ýan­çaň iý­me­li­di­gi­ni aň­lad­ýan jüm­le bar. «Ha­ra Hachi Bu» at­ly bu en­dik köp ýyl­lar­dan bä­ri bar. Sag­lyk üçin peý­da­sy köp bo­lan gök çaý hem ýa­pon me­de­ni­ýe­tin­de uly orun tut­ýar. Gök çaý be­den­dä­ki ar­tyk­maç ýa­gy aýyr­ma­ga we me­ta­bo­liz­me ýar­dam ed­ýär.

Şi­rin AN­NA­NU­RO­WA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.