Her bir jandaryň, mör-möjegiň özüne mahsus ýaşaýyş aýratynlygy we goranyş ukyby bolýar. Tebigatda käbir jandarlar dürli howplardan goranmak üçin pasla ýa-da ýaşaýan ýerine görä reňkini üýtgedýän bolsa, käbiri dogabitdi tebigatdaky haýsydyr bir zada – ýapraga, daşa, agajyň köküne meňzeýär. Tokaýlarda ýapraga meňzeýän jandarlaryň dürli görnüşi – kebelekler, gurbagalar, süýrenijiler duş gelýär. Olary ýapraklaryň arasyndan saýgarmak örän kyn bolup, ilki bilen bu jandarlar baradaky maglumatlary öwrenmeli bolýar.
Ýaprak çekirtgesi. Ylmy ady «pseudophyllus titan» bolan uzyn antennaly bu möjejik ýaşyl çekirtgeleriň iň uly görnüşi hasaplanýar. Günorta-Gündogar Aziýanyň tropik tokaýlarynda ýaşaýan bu çekirtgäniň uzynlygy 13 santimetre ýetýär. Ganatynyň uzynlygy 23 santimetre deň bolan ýaşyl çekirtgä başgaça «sasuma çekirtgesi» hem diýilýär.
Günorta Amerikanyň ýaprak balygy. Amazonka derýasynda ýaşaýan ýapraga meňzeş bu balyk agaçlaryň kölege salyp duran ýerlerinde ýaşamagy halaýar. Latynça «monocirrhus polyacanthus» diýlip atlandyrylýan bu balygyň göwresi ýasy bolup, gyrasynda ýapraga meňzeş kertik-kertik ösüntgileri bar. Ýyrtyjy balygyň bu görnüşi gara ýa-da goňur reňkde bolýar.
Guran ýaprak çekirtgesi. Günorta-Gündogar Aziýada ýaşaýan çekirtgäniň bu görnüşi ýapraga meňzeş goňur reňki bilen dürli howplardan goranyp bilýär. Ylmy ady «chorotypus gallinaceus» bolan uçýan möjejigiň bu görnüşi Malaýziýada we Singapurda duş gelýär.
Malaý ýaprak gurbagasy. Ylmy taýdan «megophrys nasuta» diýlip atlandyrylýan Malaýziýanyň ýaprak gurbagasy Malaýziýada, Sumatrada we Borneoda duş gelýär. Daşky görnüşi guran ýapraga meňzeýän bu gurbaga gözüniň üstündäki uzyn şahy bilen tanalýar. Ýagyşly tokaýlarda ýaşaýan bu gurbagany saýgarmak kyn bolup, sesi arkaly tapmak bolýar.
Hindi dub ýapragy kebelegi. Ganaty uzalanda gök we mämişi reňki bilen haýran galdyrýan bu kebelek adaty ýagdaýda agajyň guran ýapragyna meňzeýär. Ganatynda ýapragyňka meňzeş çyzyklary we nagyşlary bolan bu kebelek, esasan, dub agajynda ýaşaýar. Şol sebäpli bu möjejige dub kebelegi hem diýilýär. Dub kebelegine Gimalaý daglarynda we Aziýanyň gündogar-günorta sebitlerinde duş gelmek bolýar.
Ýaprak hažžygy. Madagaskar adasynda duş gelýän bu süýrenijä başgaça guran ýaprak gekkosy hem diýilýär. Tropik tokaýlarda ýaşaýan bu jandar Madagaskaryň endemik jandary hasaplanýar. Uzynlygy 9 santimetre ýetýän bu hažžygyň uzyn guýrugy guran ýapraga meňzeýär. Ýaprak hažžygy gyrmyzy, mämişi we sary reňklerde bolup, ulaldygyça goňur reňke öwrülýär. Ullakan gözli bu jandar agaçlarda ýaşaýar.