Golaýda Ýewropa ýurtlary çip önümçiligini artdyrmak maksady bilen täze taslama taýýarlapdy. Bu taslamada önüm öndürijilere dürli ýeňillikleri döretmek hem göz öňünde tutulýar. Germaniýa Magdeburg sebitinde täze önümçilik desgasyny gurmagy maksat edinýän «Intel» kompaniýasyna 6,8 milliard ýewrolyk goldaw berer. Täze desgada ilkinji önümçiligiň 2027-nji ýylda ýola goýulmagyna garaşylýar. Bu zawod dünýäniň öňdebaryjy ýarymgeçiriji öndürijileriniň biri bolan «Intel»-iň Ýewropadaky ilkinji önümçilik desgasy bolar. Germaniýanyň Hökümeti pul serişdesini üç ýylyň dowamynda berer. Onuň 2,7 milliardy şu ýyl, galan bölegi 2023-nji hem-de 2024-nji ýyllarda üpjün ediler.
«Intel» kompaniýasy bu desga üçin 33 milliard ýewrodan gowrak serişde sarp eder. Germaniýanyň Hökümeti tarapyndan beriljek goldaw taslamany durmuşa geçirmek üçin sarp ediljek serişdäniň bäşden birini emele getirer. Zawodyň gurluşygyna geljek ýylyň ikinji ýarymynda başlanmagyna garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, golaýda Ispaniýada hem çip öndürýän iri kärhananyň gurluşygyna badalga berlipdi.
Aknur JORAÝEWA,
Saýat etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň mugallymy.