Mälim bolşy ýaly, emele gelýän ýangynlaryň aglabasy raýatlaryň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bozýandyklary zerarly ýüze çykýar. Her bir döräp biljek ýangynyň öňüni almak bolar. Munuň üçin bolsa ýangyn howpsuzlyk düzgünleri öz wagtynda pugta berjaý edilmelidir.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmek we ýangyn hadysasy ýüze çykanda onuň garşysyna göreşmek üçin şulary maslahat berýär.
Ýaşaýyş jaýlaryň, ulaghanalaryň daş-töweregi hemişe arassa saklanyp, hapa zir-zibiller öz wagtynda çäkden çykarylmalydyr. Ýaşaýyş jaýlaryň, ulaghanalaryň çäklerindäki geçelgeleri, girelgeleri, howlynyň içini, binadyr desgalaryň ýangyna garşy araçäklerini, jaýlaryň daşarky halas ediş basgançaklaryny, ýangyna garşy suw howuzlaryna barylýan ýollary dürli zatlar bilen baglap, geçmeklige päsgelçilik döretmek, ýerli häkimlikleriň rugsady bolmazdan gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek, binadyr desgalaryň ýangyna garşy araçäklerinde, boşluklarynda ýanýan materiallary saklamak, açyk meýdanda, howlynyň çäginde ýeňil ýanyjy suwuklyklary (benzin, kerosin, solýarka we beýlekiler) hem-de ýanyjy gazly, kislorodly ballonlary saklamak, jaýlaryň, howlynyň we gurluşyklaryň töwereklerinde ot ýakmak hem-de söndürilmedik közli külleri dökmek gadagan edilýär.
Ýaşaýyş jaýlarynda we ulaghanalarda önümçilik tehnologiýasynda partlama ýa-da ýeňil ýanyjy maddalardyr jisimler ulanylýan kiçi möçberli kärhanalary hem-de ammarlary döretmek, işletmek, adamlaryň halas ediş ýollarynyň ugrunda, töwereginde, ýerzemin otaglarda, üçeklerde ýanyjy materiallary, öý goşlary saklamak, jaýlaryň ätiýaçlyk çykalgalaryny gulplamak ýa-da çykalgalaryň öňlerinde zatlary saklamak, howlynyň çägindäki ýanyjy zatlaryň saklanýan ýerlerinde, ýangyn howply hojalyk kömekçi otaglarynda çilim çekmek we açyk ody ulanmak gadagan edilýär.
Ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinde we ýerzeminlerinde ýanyjy goşlary we beýleki zatlary saklamak, gapylary, penjireleri we beýleki howa girýän ýerleri açyk saklamak, kerosin bilen işleýän çyralary, şemleri, ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňdirilen fakelleri, otluçöpi ulanmak, wagtlaýyn elektrik geçirijileri, elektrik ýagtylandyryjy çyralary aýna gorag örtüksiz ulanmak, alýumin sütünli simleriň açyk görnüşde geçirilmegi we ulanylmagy, ýeňil ýanyjy suwuklyklary bolan benzin, kerosin, solýarka we beýlekileri saklamak gadagan edilýär.
Ýyladyjy we gyzdyryjy enjamlary ulanmazdan öň, olaryň ojaklarynyň ýanyş ukyplylygyny barlamaly we olaryň tüsseçykarlary gurumlardan arassalanmaly.
Gaz bilen işleýän ýyladyjy enjamlar ulanylanda gaz enjamlaryny ýerzemin otaglarynda ornaşdyrmak, gaz enjamlarynyň hem-de olara degişli gurluşlaryň gurnalyş ulgamlaryny özbaşdak üýtgetmek, çalyşmak, bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmek, degişli edaralar bilen ylalaşmazdan gaz enjamlarynyň ornaşdyrylan jaýyny üýtgedip gurmak, gaz enjamlarynyň howpsuzlyk we sazlaýjy ulgamlaryny aýyrmak ýa-da gaz geçirijileriň, enjamlaryň bozuk ýagdaýynda, gazyň syzmagy ýaly howply ýagdaýlar ýüze çykarylanda gaz enjamlary ulanmak, ýanyp duran gaz enjamynyň töwereginde eşikleri we beýleki ýanyp biljek zatlary guratmak hem-de çagalara ot bilen baglanyşykly ýumuşlary buýurmak gadagan edilýär.
Ýangynyň islendik görnüşi ýüze çykanda ýa-da tüssäniň ysy duýulanda telefon arkaly 01, el telefony arkaly 001 belgä habar bermeli. Öz güýjüňiz bilen, ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleriniň ýa-da suwuň, çägäniň, gumuň, keçäniň, syk dokalan matanyň kömegi bilen ýüze çykan ýangyny söndürmäge synanyşmaly, ýüze çykan ýangyny öz güýjüňiz bilen söndürmek başartmasa, gapyny gulplaman, berk ýapyp öýden çykmaly. Elektrik togyny we gaz akdyryjysyny öçürmeli.
Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmäge borçludyr! Janymyza, saglygymyza, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdan seresap bolalyň!
Yhlas Miriýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik bölümçesiniň müdiri – uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany.