16-njy noýabrda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda, şeýle-de
ýurdumyzyň welaýatlarynda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça zähmetde we döredijilik işinde tapawutlanan öňdebaryjy ýaşlaryň 62-sine baýrak gowşurylyş dabaralary geçirildi.

Bu gu­ra­ma­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy­nyň eýe­si bol­mak is­le­ýän her bir da­laş­gä­riň hü­när ýa-da bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne ýö­ri­te to­par ta­ra­pyn­dan ba­ha be­ril­di. Ýe­ňi­ji­le­riň ara­syn­da döw­le­tiň aba­dan­çy­ly­gy­na şah­sy go­şant go­şan 16-30 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ýaş­lar bar. Ola­ryň ara­syn­da ta­lyp­lar, şeý­le-de mek­dep okuw­çy­la­ry hem bar. Ýaş­lar baý­ra­gy­ny al­ma­gyň esa­sy şer­ti wagt çäk­li­li­gi­dir, ýag­ny ta­pa­wut­la­nan eser­le­riň dö­re­di­le­ni­ne üç ýyl­dan köp wagt geç­me­dik bol­ma­ly. Ýö­ne iş ugur­la­ry ede­bi­ýat­dan we sun­gat­dan baş­lap, yl­my göz­leg­le­re, luk­man­çy­lyk­dan we sport­dan baş­lap oba ho­ja­ly­gy­na we jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­mak ýa­ly ta­pa­wut­ly bo­lup bi­ler.
1991-nji ýy­lyň 16-njy no­ýab­ryn­da dö­re­di­len Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy ýaş­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mek hem dur­mu­şa ge­çir­mek, ola­ra bi­lim we jem­gy­ýet­çi­lik-zäh­met iş­jeň­li­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bi­len, dür­li ugur­lar­da iş­jeň iş alyp bar­ýar. «2021-2025-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň» çä­gin­de ýaş nes­liň üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýän bäs­le­şik­ler we çä­re­ler hem ge­çi­ril­ýär. Mil­li ýa­ryş­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. My­sal üçin, bu gu­ra­ma 2015-nji ýyl­dan bä­ri ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de ýaş alym­lar üçin yl­my bäs­le­şik ge­çir­ýär.
Şu ýyl ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň bi­ri-de gu­ra­ma­nyň Ýaş meý­le­tin­çi­le­ri­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýe­ti­niň bi­le­lik­dä­ki he­re­ket me­ýil­na­ma­sy­dyr. Şeý­le hem, döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän gol­da­wyň ne­ti­je­sin­de bi­lim, ylym, me­de­ni­ýet we sport pu­da­gyn­da ab­raý­ly hal­ka­ra gaz­na­lar we gu­ra­ma­lar, şol san­da BMG-niň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy, BMG-niň Ilat Gaz­na­sy, BMG-niň Ça­ga­lar Gaz­na­sy we beý­le­ki­ler bi­len gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy.