Horwatiýanyň günorta kenarýakasynda mundan 7 müň ýyl öň gurlan ýoluň galyndylary tapyldy, ol Ortaýer deňziniň düýbündäki gyrmança gatlaklarynyň astynda gizlenip galypdyr. Neolit döwründäki gark bolan duralgada bu tapyndynyň üstünden bardylar. Alymlaryň pikiriçe, bu ýol Hwar medeniýetine degişli ilatly ýeri häzirki Korçula adasy bilen birleşdiripdir.