Ýa­kyn­da 50 müň ýyl­da bir ge­zek Gü­nüň da­şyndan aý­lan­ýan ýa­şyl ko­me­ta­nyň Ýeriň golaýyndan ge­çen­di­gi ha­bar be­ril­di. 1-nji few­ral­da ho­wa güm­me­zin­de ýa­şyl şöh­le­li ýag­ty­lyk peý­da bol­dy. Ýa­şyl ko­me­ta Ýe­riň il­ki de­mir­ga­zyk ta­ra­pyn­da, soň­ra dem­ir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da, on­dan soň­ra gü­nor­ta we gün­do­ga­ryn­da gör­ner. Bu ha­dy­sa, tak­my­nan, bir hepde dowam eder. Ek­wa­to­ryň de­mir­ga­zy­gyn­da ýa­şa­ýan­lar üçin bu ha­dy­sa­ny gör­mek amat­ly pur­sat­dyr. Ýa­şyl ko­me­ta soň­ky ge­zek 50 müň ýyl ozal gör­lüp­dir. NA­SA kos­mos eda­ra­sy­nyň hü­när­men­le­ri buz­ly asman jisiminiň 2022-nji ýy­lyň mar­tyn­da Ýu­pi­te­riň golaýyndan ge­çen­di­gini aýd­ýar­lar.
Ko­me­ta nä­me?
Ko­me­ta buz­ly asman jisimi bo­lup, Gü­ne ýa­kyn­la­şan­da eräp baş­la­ýar we suw bu­gar­ma­sy hem-de at­mos­fe­ra gaz­la­ry ne­ti­je­sin­de ýa­şyl «guý­ruk­ly» şöh­le peý­da bol­ýar. Bu, esa­san hem, Gün şöh­le­si buz­ly jisimiň için­den ge­çen­de ýü­ze çyk­ýar. Ýaşyl ko­me­ta her 50 müň ýyl­dan bir ge­zek Gü­nüň da­şyn­dan aý­lan­ýar we aý­law­dan çy­kyp bar­ýar­ka Ýe­re ta­rap ug­ra­ýar.
Nä­dip saý­gar­ma­ly?
Alym­la­ry­ň we bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, at­mos­fe­ra­da ýag­ty­lyk yşyk­la­ry­nyň mil­li­on­lar­ça­sy­nyň bar­dy­gy se­bäp­li ýa­şyl ko­me­ta­ny gör­mek hem-de saý­gar­mak juda kyn ýag­daý­dyr. Mu­nuň üçin açyk as­man as­tyn­da te­les­ko­pik en­jam­lar ar­ka­ly at­mos­fe­ra bir­nä­çe ýyl­lap gö­zeg­çi­lik et­me­li bol­ýar. Ýa­şyl ko­me­ta­nyň gö­rün­me­gi köp ba­bat­da gö­zeg­çi­lik edil­ýän ýe­re bag­ly bo­lup dur­ýar. Ho­wa­nyň aras­sa bol­ma­gy, as­man ji­sim­le­ri­niň gat­na­wy­nyň seý­rek ýe­ri bu ha­dy­sa­ny yzar­la­mak üçin iň go­wy ýer­ler­dir. Kä­bir ýer­de ýa­şyl ko­me­ta­ny ada­ty dür­bi ar­ka­ly hem syn­lap bol­ýar. Ko­me­ta­nyň Gü­nüň da­şyn­dan aý­lan­ma­gy üçin, tak­my­nan, 50 müň ýyl ge­rek. Şol se­bäp­li adam­lar öm­rüň­de bir ge­zek duş gelinýän bu ha­dy­sa­ny gör­mä­ge sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­lar.