Bi­ler­men­ler di­şi­ňi her gün iki ge­zek­den köp ýuw­ma­gy mas­la­hat ber­me­ýär­ler. Esa­san hem, di­şi ag­şam na­ha­ryn­dan soň, ýat­maz­dan öň ýuw­mak sag­lyk üçin örän peý­da­ly­dyr. Uzak­ly gün agyz­da top­la­nan iý­mit ga­lyn­dy­la­ry­ny ýat­maz­dan öň aras­sa­lap aýyr­mak ka­da­ly uk­la­ma­ga, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny go­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Diş çot­ga­sy­na noý­ba ýa­ly ulu­lyk­da diş pas­ta­sy­ny dam­dyr­ma­ly. Diş pas­ta­sy­ny aşa köp guý­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Di­şi azyn­dan 2 mi­nu­tyň do­wa­myn­da aras­sa­la­ma­ly. Çalt­lyk bi­len aras­sa­la­nan­da, diş­le­riň ara­syn­da­ky iý­mit ga­lyn­dy­la­ry do­ly aý­ryl­ma­ýar. Şol se­bäp­li how­luk­maz­dan diş­le­ri ýe­ter­lik de­re­je­de çot­ga­la­ma­ly. Diş pas­ta­sy­nyň kö­pür­ji­gi­ni do­ly de­re­je­de agyz boş­lu­gyn­dan aýyr­ma­ly. Mu­nuň üçin ag­zy­ňy bir­nä­çe ge­zek çaý­ka­ma­ly.
Diş pas­ta­sy­ny bil­mez­den ýu­wut­mak ýa-da kö­pür­jik­li suw iç­mek sag­lyk üçin zy­ýan­ly­dyr. Diş­le­ri aras­sa­la­ma­gy baş­ga zat­la­ra üns ber­mez­den we gep­le­mez­den ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. Diş çot­ga­sy­nyň we pas­ta­nyň di­şiň syr­ça­sy­na zy­ýan ber­me­ýän gör­nü­şi­ni saýlamaly. Her 3 aý­dan diş çot­ga­sy­ny çal­şyp dur­ma­ly. Diş çot­ga­sy­nyň kö­nel­me­gi agyz boş­lu­gyn­da ýa­ra­la­ryň we mik­rob­la­ryň dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip bi­lýär. Diş çot­ga­sy­ny ag­zy ga­pak­ly gap­da ýa-da ýa­pyk ýer­de sak­la­ma­ly.