Ýagyş suwy beden üçin peýdaly bolup, ol biziň derimize we saçymyza oňaýly täsir edýär. Ýagyş damjalarynyň penjiräniň aýnasyna degende çykarýan sesi bolsa myşsalarymyzy gowşadýar. Şol sebäpli lukmanlar ýürek tutgaýyndan ejir çekýän hem-de myşsalaryny gowşadyp, köşeşmek isleýän adamlara ýagyş suwunyň sesi bilen bejerilýän terapiýany hödürleýärler. Ýagyş suwunyň hoşboý ysy hem adama ýakymly täsir edýär. Ol, aýratyn-da, degna ulgamyny rahatlandyrmakda bellidir. Munuň sebäbi ýagyş suwunyň birbada üç ysy – ozonyň, gurak howada ösümliklerden bölünip, ýagyş ýaganda howa siňýän efir ýagynyň, şeýle hem ýagyş ýaganda toprakda emele gelýän aktinomiset bakteriýalarynyň ysyny özünde saklaýandygy bilen baglydyr.
Howanyň düzümindäki zyýanly ownujak bölejikleri ýok edýändigi üçin, ýagyş ýaganda biziň dem almagymyz hem aňsatlaşýar. Beýle ýagdaý, esasan hem, şäher ýerlerinde göz-görtele duýulýar. Ýagyş ýagandan soňra gezelenje çykmak hökmandyr. Ýaz ýagşynyň ýagýan wagty ýa-da diňen badyna daşarda bolmak çygly howada öýjükleri giňän derini çyglandyrmaga, oňa mazaly dem aldyrmaga ýardam edýär.
Ýagyşly howada tebigaty synlamagyň özi-de adama estetiki duýgulary eçilýär. Penjiräniň öňünde oturyp, daşarda ýagýan ýagşyň sesine maýyl bolup, gyzykly kitap okamak, kofedir çaý içmek, köçedäki elleri saýawanly adamlara seredip lezzet almak ynsan bilen tebigatyň arasyndaky göze ilmez baglanyşygy öňküden-de berkidýär.
Ussat şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginde tebigata, aýratyn hem onuň ýagyş-garly, ylhama baý ahwallaryna uly orun berilýär. «Ýazyň hem güýzüň şahyry» diýip at alan halypa şahyr şeýle goşgularynyň birinde:
Guý, ýagyş! Eziber tallaň saçlaryn,
Geliber müň ýylky ýollaryň bile.
Ýöne dag daşlaryn alyp gaýtma,
Dag başynda ýatan silleriň bile –
diýmek bilen, ýagyşly howanyň, ýagyş suwunyň ynsana tenekardygyny ýokary çeperçilik bilen suratlandyrýar.
Goý, ýaz ýagşynyň ajaýyp ýakymy hemmelere gaýtalanmajak pursatlary bagyş etsin! Ömrüňiz hem durmuşyňyz ýaz ýaly owadan bolsun, mähriban adamlar!
Gülşat BEGHANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.