Taryhyň, sungatyň, binagärligiň we duýgularyň birleşýän şäheri hasaplanýan Pariž dünýäde «Söýgi şäheri» ady bilen tanalýar. Romantikanyň paýtagty, jübütleriň arzuw edýän ýeri bolan Pariž şäheri syýahatçylyk babatda öňdeligi eýeleýär. Pariž şäherine söýgi şäheri diýmeklik Eýfel diňiniň öňünde surata düşmek ýa-da Sena derýasynyň ýakasynda gezelenç etmek bilen çäklenmän, eýsem, taryhy, medeni gatnaşyklar bilen hem baglanyşyklydyr.
Pariž XVIII-XIX asyrlarda sungatyň, edebiýatyň we aýdym-sazyň merkezine öwrülýär. Romantizmiň dörän ýeri hasaplanýan bu şäherde söýgi temasyndan köp sanly goşgular ýazylypdyr, surat eserleri döredilip, birnäçe aýdym-sazlar köpçülige ýaýradylypdyr. Esasan hem, fransuz edebiýatynda söýgi we hyjuw biri-biri bilen baglanyşyp, şäheriň köçelerine aralaşýan duýguly howany döredýär. Parižde söýgi diňe bir şahsy duýgy hökmünde däl, eýsem, sosial estetik gymmatlyk hökmünde dabaralanýar.
Parižiň dar we owadan köçeleri, eýwanly binalary, taryhy köprüleri romantik gözelligi döredýär. Sena derýasynyň boýunda gezelenç edip ýören aşyklar, Monmartr depesinde Günüň ýaşyşyny synlaýan adamlar duýguly şäheri suratlandyrýarlar. Şäherde Eýfel diňi soňra gurlandygyna garamazdan meşhur binalaryň birine öwrüldi. Esasan hem, metaldan gurlan uzyn binanyň gijeki yşyklary şäherde romantik pursatlary döredýär.
Medeniýet we kino sungaty Parižiň «Söýgi şäheri» diýlip atlandyrylmagynda uly orun eýeledi. Golliwudyň we fransuz kinokompaniýalarynyň düşürýän filmleriniň köpüsinde Pariž söýgi fonunda ulanylýar. «Ameli» filmindäki pursatlar we sahnalar Parižiň söýgi bilen gurşalan ýönekeý şäherdigini görkezýär. Suratkeşler we fotosuratçylar hem romantik peýzažy döretmek üçin Pariž şäherini ulanýarlar.
Pariž syýahatçylyk pudagynda hem «Aşyklar şäheri» hökmünde tanalýar. Toý tutan ýaş çatynjalar bal aýyny geçirmek üçin köplenç Pariži saýlaýarlar. Şol sebäpli her ýyl millionlarça ýaş çatynjalar aşyklar şäherine barýarlar. 14-nji fewral – söýgüliler güni hem Parižde uly dabara bilen bellenilýär. Ýaşlar şol gün Eýfel diňiniň öňünde öz söýgüsini beýan edýärler. Fransiýanyň paýtagtyna her ýyl 50 million syýahatçy barýar.