26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­de do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek meý­dan­lar­da te­kiz­le­ýiş we ge­riş çek­mek iş­le­ri do­wam ed­ýär. Ýaz­ky ekiş­de ula­nyl­jak oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry, gu­ral­la­ry, pag­ta­çy daý­han­lar üçin ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hum­la­ry­ny möw­sü­me do­ly taý­ýar et­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, we­la­ýat­lar­da ýaz­lyk ýe­ral­ma­nyň, so­ga­nyň eki­şi­ni ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çir­mek, beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň eki­şi­ne ta­la­ba­la­ýyk taý­ýar­lyk gör­mek ba­bat­da de­giş­li iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Ýaz­ky bag ek­mek möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, bag­la­ryň ekil­jek ýer­le­ri­ni, bag na­hal­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, hä­kim­ler «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­lar­da şu ýyl üçin me­ýil­leş­di­ri­len iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­ly­gy pu­da­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan möw­süm­le­ýin iş­le­riň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di we bug­daý meý­dan­la­ryn­da­ky ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny, go­wa­ça­nyň, gök-bak­ja ekin­le­ri­niň eki­şi­ne ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi­ni üp­jün et­me­gi hä­kim­le­re tab­şyr­dy. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy 2022–2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na, Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­lar­da şu ýyl me­ýil­leş­di­ri­len iş­le­riň ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Di­ýa­ry­myz­da şu ýyl­da bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ön­dür­mek ar­ka­ly azyk bol­çu­ly­gy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, we­la­ýat­la­ryň bug­daý eki­len meý­dan­la­ryn­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da de­giş­li ideg iş­le­ri do­wam ed­ýär. Go­wa­ça ekil­jek meý­dan­la­ry, oba ho­ja­lyk iş­le­rin­de ula­nyl­jak äh­li teh­ni­ka­la­ry we gu­ral­la­ry möw­sü­me taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Pag­ta ön­dü­ri­ji­le­ri ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hum­la­ry bi­len üp­jün et­mek üçin pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da to­hum­lyk pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­le­mek, çi­git­le­ri aras­sa­la­mak işi ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ýe­ral­ma­nyň we beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak, bu önüm­ler bi­len ila­ty­my­zy bo­le­lin üp­jün et­mek üçin hä­zir­ki wagt­da ola­ryň eki­şi do­wam ed­ýär.
Ýur­du­myz­da to­kaý zo­lak­la­ry­nyň tut­ýan meý­da­ny­ny gi­ňelt­mek hem-de döw­let eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da hem mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýaz­ky bag ek­mek möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de bag na­hal­la­ry­ny, ola­ryň ekil­jek ýer­le­ri­ni taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­ly­gyn­da jo­gap­kär­li möw­sü­miň ýe­tip ge­len­di­gi­ne ün­si çe­kip, bu möw­sü­mi gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­giň gel­jek­de ýer­den bol ha­syl al­ma­gyň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di we şu ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek meý­dan­la­ryň, pag­ta ön­dü­ri­ji­ler üçin ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hum­la­ry­nyň, möw­süm­de iş­le­dil­jek äh­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we gu­ral­la­ryň möw­sü­me do­ly taý­ýar edil­me­gi­ni, bug­daý eki­len meý­dan­lar­da­ky ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni, ýe­ral­ma­nyň hem-de beý­le­ki azyk­lyk ekin­le­ri­niň eki­şi­niň bel­le­nen ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çi­ril­me­gi­ni, ýaz­ky bag ek­mek möw­sü­mi­ne ta­la­ba­la­ýyk taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­ne ýüz­le­nip, hä­zir­ki wagt­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­ny berk ber­jaý et­mek ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň, ýaz­ky ekiş möw­sü­mi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly taý­ýar­lyk gör­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ýe­ne-de bir ge­zek ün­si çek­di hem-de bu ugur­da de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.