Samarkantda geçirilen sammitde Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi strategiki hyzmatdaşlygyny giňeltmek we ösdürmek isleýändiklerini mälim etdiler. Özbegistanyň Samarkant şäherinde iki gün dowam eden sammitden soň Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen täze strategiki hyzmatdaşlygyny mälim etdi. Sammite Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
– Häzirki zaman halkara kontekstinde hereket edýän düzgünlere esaslanýan köptaraplaýyn tertip-düzgüniň ähmiýetine ýokary baha bermek aňsat däl. Duşuşygymyz Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň köptaraplaýyn forumlarynda hyzmatdaşlyga goşant goşýar, parahatçylyk we global tertip-düzgüne bolan umumy ygrarlylygyny güýçlendirýär – diýip, Antonio Koşta köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Koşta umumy howpsuzlyk meselelerine-de ünsi çekdi we köp sanly howplara, hususan-da Merkezi Aziýa we Ýewropa aralaşyp biljek terrorçylyga, ekstremizme we neşe gaçakçylygyna ünsi çekdi.
-Siziň strategiki pozisiýaňyz global söwda ýollaryny we maýa goýum akymlaryny açyp biler. Bu täze maýa goýumlary siziň özygtyýarlylygy we ykdysadyýetiňizi güýçlendirer. Iň esasy zat bolsa täze dostlukly gatnaşyklary döreder – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen belledi.
Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin 12 milliard ýewro bahasy bolan maýa goýum bukjasyny taýýarlandygyny habar berdi. Ulag pudagyndaky taslamalary maliýeleşdirmek üçin üç milliard ýewro bölünip berler. Möhüm çig mal bilen baglanyşykly taslamalara 2,5 milliard maýa goýulmagyna garaşylýar. Suw ätiýaçlyklary, energiýa we howa taslamalaryna 6,4 milliard sarp ediler. 100 million ýewro hemra internetini ösdürmäge goýberiler.
Arassa energiýa we seýrek metallara elýeterlilik 2050-nji ýyla çenli howa bitaraplygyny gazanmagy hem-de strategik pudaklarda özbaşdaklygyny berkitmegi maksat edinýän Ýewropa Bileleşigi üçin möhümdir. Merkezi Aziýada dünýädäki marganes magdanynyň 38,6%, hromyň 30,07%, gurşunyň 20%, sinkiň 12,6% we titanyň 8,7% möçberinde uly ýataklary bar.
-Bu çig mal ätiýaçlyklary geljekki dünýä ykdysadyýetiniň özendir. Ýöne şol bir wagtyň özünde bu global oýunçylar üçinem özüne çekiji zat. Olaryň käbiri diňe gazyp almak bilen gyzyklanýar. Ýewropanyň başga bir teklibi bar. Biz ýerli senagaty ösdürmekde hyzmatdaşlaryňyz bolmak isleýäris. Goşulan baha ýerli bolmaly – diýip, Ursula fon der Lýaýen belledi.
Sammite gatnaşyjylar goşmaça maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen şu ýylyň ahyrynda forum geçirmek barada ylalaşdylar. Şeýle hem her iki ýyldan bir gezek şuňa meňzeş sammitleri geçirmek pikiri hem goldanyldy.