Tu­nis bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­ka­nun mig­ra­si­ýa gö­nük­di­ri­len we adam söw­da­sy­na gar­şy gö­reş­mek mak­sa­dy bi­len “stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk” şert­na­ma­sy­na gol çek­di. Mu­nuň üçin Brýus­sel Tu­ni­se 100 mil­lion ýew­ro gol­daw be­rer.
Tu­nis her ýyl müň­ler­çe mig­ran­tyň baş­lan­gyç no­ka­dy bo­lup, Or­ta­ýer deň­zin­den ge­çip, Ýew­ro­pa ta­rap ug­ra­ýar. Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen, Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Jor­ji­ýa Me­lo­ni we Ni­der­land­la­ryň Prem­ýer-mi­nist­ri Mark Rut­te bu ýur­da sa­par edip, yla­la­şy­gy ma­kul­la­dy­lar.
Yla­la­şyk Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar ta­ra­pyn­dan tas­syk­lan­ma­ly­dyr.
Ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri Ita­li­ýa 75 müň­den gow­rak mig­rant ge­len bol­sa, ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da 31 müň­den gow­rak mig­rant bu ýur­da ge­lip­dir.