2023-nji ýy­lyň il­kin­ji bäş aýyn­da Hy­taý­dan beý­le­ki ýurt­la­ra 1,758 mil­li­on aw­tou­lag ibe­ril­di, bu 2022-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 81,5% köp­dür. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­ler bir­le­şi­gi mä­lim ed­ýär. Şeý­le­lik­de, Hy­taý ýe­ne-de dün­ýä­de iň köp aw­tou­lag eks­port edi­ji ýurt bol­dy. “So­hu.com” web sa­hy­pa­sy­nyň ýaz­ma­gy­na gö­rä, maý aýyn­da eks­por­tyň muk­da­ry 389 müň bir­lik bol­dy – bu bir ýyl ozal­ky­dan 58,7%, 2023-nji ýy­lyň ap­rel aýy bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 3,4% köp­dür.
Eks­port­da öň­de­ba­ry­jy “SAIC Mo­tor” döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy bo­lup, ýan­war-maý aý­la­ryn­da 396 müň taý­ýar aw­tou­lag bi­len üp­jün et­di (goş­ma­ça 5,9%). Önüm­le­ri bu ba­za­ryň umu­my göw­rü­mi­niň 21,3%-ini eme­le ge­tir­di. Ikin­ji orun­da 319 müň ne­ti­je bi­len “Che­ry Group” dur­ýar, bu gör­ke­zi­len dö­wür­dä­ki sa­tuw­la­ry­nyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­ny eme­le ge­tir­di. Has ta­ky­gy, ol maý aýyn­da 74 müň aw­tou­lag da­şa­ry ýur­da iber­di – bu bir ýyl ozal­ky­dan 1,7 es­se köp. Il­kin­ji üç­lü­gi “Chan­gan Auto” ýap­ýar. Ol bäş aýyň için­de 163 müň aw­tou­lag eks­port et­di.
Iň uly on kom­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da BYD-nyň eks­por­ty iň çalt dep­gin­de ös­di: üp­jün­çi­lik ýy­lyň do­wa­myn­da 14,2 es­se ar­typ, 69 müň ula­ga ýet­di. “Great Wall”-yň gör­ke­zi­ji­si, ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, iki es­se ar­typ, 99 müň bir­li­ge ýet­di.
Hy­taý il­kin­ji ge­zek şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de Ger­ma­ni­ýa­dan we Ýa­po­ni­ýa­dan öňe ge­çip, iň uly aw­tou­lag eks­port­çy­sy bol­dy. Il­kin­ji üç aý­da 1,069 mil­li­on aw­tou­lag da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­di.