Dünýäniň iň abraýly welosport ýaryşy hasaplanýan “Tour de France” bäsleşigi tamamlandy. 112-nji gezek geçirilen ýaryşda çempion üýtgemedi. “UAE Team Emirates” toparynyň sloweniýaly türgeni Tadeý Pogaçar bassyr 2-nji umumylykda-da 4-nji gezek “Tour de France” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ol 3 müň 301,9 kilometrlik ýaryşy 76 sagat 32 sekuntda tamamlamagy başardy. Ol 21 tapgyryň 4-sinde ýeňiş gazandy. 26 ýaşyndaky Pogaçar 12-13-nji tapgyrda ýeňiş gazanyp, şondan soň umumy sanawda birinjilige geçdi we ýaryş tamamlanýança ornuny saklamagyň hötdesinden geldi. Pogaçar 3 uly ýaryşda 5-nji çempionlygyny gazandy. 2024-nji ýylda “Giro d’Italia” bäsleşiginde hem ýeňiji bolan Pogaçaryň häzirlikçe “Vuelta a Espana” ýaryşynda çempionlygy ýok.
Pogaçar “Tour de France” ýaryşynda 4 gezek (2020, 2021, 2024, 2025) çempionlyk gazanan 6-njy türgen hökmünde hasaba alyndy. Ondan öň Žak Anketil, Eddi Merks, Bernar Hino, Mugel Indurain dagy 5 hem-de Kris Frum 4 gezek çempion bolupdy.
Pogaçardan 4 minut 24 sekunt yza galan “Visma–Lease a Bike” toparynyň daniýaly türgeni Ýonas Wingegor bu ýylda-da 2-nji orny eýeledi. Ol Pogaçayň çempionlyklarynyň arasyna girip, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda say köýnekçäniň eýesi bolupdy. Ýeňijiden 11 minut az netije görkezen “Red Bull–Bora–Hansgrohe” toparynyň germaniýaly türgeni Florian Lipowits 3-nji orna mynasyp boldy.
Şu ýylky “Tour de France” ýaryşynyň çäginde Pogaçar dag bäsleşiginde-de ýeňiş gazandy. Utuk toplamak ýaryşynda “Lidl-Trek toparynyň italýan türgeni Jonatan Milan, ýaş türgenleriň arasyndaky bäsleşikde bolsa Florian Lipowits ýeňiji boldy.