Italiýanyň çempionatynda “Ýuwentus” myhmançylykda “Lasiodan” 1-0 hasabynda utuldy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 9-njy minutda Başiç öz adyna ýazdyrdy. Bu ýeňişden soň “Ýuwentus” toparynyň tälimçisi Igor Tudor wezipesinden boşadyldy.
8 duşuşykdan bäri ýeňiş gazanyp bilmän gelýän “Ýuwentus” 4 oýunlap gol hem geçirmek başartmady. Şol 8 oýnuň soňky 3-sinde utulan “Ýuwentus” topary çempionatda 12 utuk bilen 8-nji orunda barýar.
Çempionlar Ligasynda 3 oýundan soň 2 deňlik bilen 25-nji ýeri eýeleýär. Toparyň täze tälimçisi bolmak ugrunda birnäçe hünärmeniň atlary agzalyp, gysga wagtda ol mälim ediler.
PDF









