Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 19-njy tapgyrda 10 duşuşykda ýeke ýer eýesi hem ýeňiş gazanyp bilmedi. 6 oýunda myhmanlar (5-sinde gol geçirtmezden) ýeňiş gazanyp, 4 oýun deňlikde tamamlandy.
Sanawyň lideri “Inter” myhmançylykda tälimçisi Kiwunyň öňki kluby “Parmany” Dimarko hem-de Turamyň gollary esasynda 2-0 ýeňdi.
Çempion “Napoli” öz meýdançasynda “Werona” bilen duşuşyp, soňky minutlarda ýeňlişden halas boldy. “Werona” 1-nji ýarymda Freze hem-de Orbanyň (p) gollary bilen 2-0 öňe geçse-de, olara üstünligini saklamak başartmady. MakTomineý hem-de Di Lorenzo hasaby deňlän gollary geçirdiler.
“Milan” bolsa öz meýdançasynda Jenoa bilen duşuşyp, 90-njy minutdan soň 1 utuga kaýyl bolmaly boldy. 28-nji minutda “Jenoa” “Milanyň” öňki oýunçysy Kolombonyň goly bilen öňe geçdi. Oýnuň 90+2-nji minutynda Rafael Leao hasaby deňläp, “Milany” ýeňlişden halas etdi. Duşuşygyň 90+9-njy minutynda myhmanlara ýeňiş goluny geçirmäge pursat bolsa-da, Stançunyň uran penaltisi sowa geçdi.
“Ýuwentus” myhmançylykda “Sassuolonyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi.
“Roma” hem “Leççeni” myhmançylykda Ferguson hem-de Dowbygyň gollary esasynda 2-0 hasap bilen utdy.
19-njy tapgyryň netijeleri:
Pisa – Komo: 0-3 (Perrone 68, Duwikas 76, 90+6 p),
Leççe – Roma: 0-2 (Ferguson 14, Dowbyk 71),
Sassuolo – Ýuwentus: 0-3 (Muharemowiç 16 ö.d., Miretti 62, Dewid 63),
Bolonýa – Atalanta: 0-2 (Krstowiç 37, 60),
Napoli – Werona: 2-2 (MakTomineý 54, Di Lorenzo 82 – Freze 16, Orban 27 p),
Lasio – Fiorentina: 2-2 (Kataldi 52, Pedro 90+5 p – Gosens 56, Gudmundsson 88 p),
Parma – Inter: 0-2 (Dimarko 42, Turam 90+8),
Torino – Udineze: 1-2 (Kasadei 87 – Zaniolo 50, Ekkelenkamp 82),
Kremoneze – Kaliari: 2-2 (Ýonsen 4, Wardi 29 – Adopo 51, Trepi 88),
Milan – Jenoa: 1-1 (Leao 90+2 – Kolombo 28)
PDF









