Häzirki wagtda dünýäde derýalaryň ululy-kiçili müňlerçesi bar. Iň uzyn derýa Nil derýasy bolup, iň bol suwlusy Amazonka hasaplanýar. Alymlar ýakynda häzirki wagtda Ýer ýüzünde bar bolan derýalaryň arasynda iň gadymysynyň Awstraliýadaky Finke derýasydygyny anykladylar. Bu derýanyň ýaşy 300 – 400 million ýyl töweregi diýlip çak edilýär.
Dag çeşmesiniň gelip goşulmagy bilen joşup akýan gadymy derýa birnäçe hanadan ybarat. Demirgazyk we Günorta Awstraliýanyň çäginde ýerleşýän Finkeniň uzynlygy 640 kilometre barabar. Gurakçylyk sebäpli bu derýa ýylyň köp böleginde biri-birinden üzňe suw howdanlaryna öwrülip, ýygy-ýygydan gurap galýar. Alymlar geologik maglumatlara esaslanyp, derýanyň töweregindäki çökündi gatlaklardaky we dag jynslaryndaky radionuklidleriň mukdaryny seljerdiler. Netijede, derýanyň Dewon (419-359 million ýyl ozal) ýa-da Daşkömür (359-299 million ýyl ozal) döwründe dörändigi anyklanyldy. Finke derýasy MakDonnell dag gerişlerinden gözbaş alyp, aýagy Simpson çölünde gutarýar.
Derýanyň uzak ýyllaryň dowamynda akyp durmagy sebitiň tektonik durnuklylygy we doňaklygyň bolmazlygy bilen düşündirilýär. Awstraliýadaky Finke platosy örän uzak wagtlap diýen ýaly üýtgewsiz galypdyr. Ol ýerde 100 million ýylyň dowamynda düýpli tektonik işjeňlik bolmandyr. Bu bolsa derýanyň uzak taryhy başdan geçirmegine we giňelmegine mümkinçilik beripdir.
PDF









