Alymlar häzirki wagtda Ýer ýüzünde bar bolan derýalaryň arasynda iň gadymysynyň Awstraliýadaky Finke derýasydygyny anykladylar. Bu derýanyň ýaşy 300–400 million ýyl töweregi diýlip çak edilýär.
Çeşmeleriň we hanalaryň ulgamyndan ybarat bolan bu derýa Demirgazyk we Günorta Awstraliýanyň çäklerinden 640 kilometr dowam edýär. Guraklyk sebäpli ol ýylyň köp bölegini biri-birinden üzňe suw howdanlaryna öwrülip, ýygy-ýygydan guraýar. Alymlar geologik maglumatlary we töweregindäki çökündi gatlaklaryndaky we dag jynslaryndaky radionuklidleriň mukdaryny seljerdiler. Netijeler derýanyň dewon (419-359 million ýyl ozal) ýa-da daşkömür (359-299 million ýyl ozal) döwründe dörändigini görkezdi.
Derýanyň geçýän ýeri bolan Makdonnell gerişleri 300–400 million ýyl ozal döräpdir. Diýmek, Finke derýasy şol daglar bilen “ýaşdaş” ýa-da hatda olardan hem has gadymydyr.
Derýanyň beýle uzak ömürliligi sebitiň tektonik durnuklylygy we oligosen döwründe doňaklygyň bolmazlygy bilen düşündirilýär. Awstraliýadaky Finke platosy örän uzak wagtlap diýen ýaly üýtgewsiz galypdyr. Ol ýerde 100 million ýylyň dowamynda hiç hili düýpli tektonik işjeňlik bolmandyr. Bu bolsa derýa ulgamynyň öz taryhynyň dowamynda ösmegine we giňelmegine mümkinçilik beripdir. Emma “Live Science” neşiriniň habar bermegine görä, geljekde gurakçylyk we suwuň adam tarapyndan çendenaşa köp ulanylmagy sebäpli Finke derýasyna howp abanýar.