Ýe­riň­den tu­ra­nyň­da gö­züň ga­raň­ky­ra­ma­gy ýa-da ba­şyň aý­lan­ma­gy ýa­ly ala­mat­lar bi­len köp ada­m ýy­gy-ýy­gy­dan ýüz­be-ýüz bol­ýar. Kä­te bel­li bir wagt­dan soň ýa­tan ýe­ri­miz­den ýa-da otu­ran ýe­ri­miz­den bir­den tu­ra­ny­myz­da, gö­zü­mi­ziň öňi bu­la­şyp, ýy­kyl­jak ýa­ly bol­ýa­rys. Adat­ça tö­wek­gel­çi­lik­li ha­dy­sa bol­ma­sa-da, ba­şyň aý­lan­ma­gy soň­lu­gy bi­len yn­ja­lyk­syz ýag­da­ýa öw­rü­lip bi­ler. Eý­sem, bir­nä­çe se­kunt do­wam ed­ýän bu ýag­da­ýyň se­bäp­le­ri nä­me?
Pes gan ba­sy­şy. Ýe­riň­den tu­ra­nyň­da ba­şyň aý­lan­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi gan ba­sy­şy­nyň pe­sel­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şeý­le ýag­daý­da gö­züň ga­raň­ky­ra­ma­gy, kel­la­gy­ry, ýü­rek bu­lan­ma ala­mat­la­ry hem ýü­ze çy­kyp bi­ler. Uzak wagt­lap otu­ra­ny­myz­da aýak­da­ky da­mar­lar­da gan köp ýyg­nan­ýar we gan ba­sy­şy­nyň pe­sel­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Pes gan ba­sy­şy bi­len beý­ni­mi­ze ýe­ter­lik kis­lo­rod bar­ma­ýar we bu ýag­daý bir­den ýe­riň­den tu­ra­nyň­da gör­şüň bu­laş­ma­gy­na ge­tir­ýär. Kä­bir adam­da bir­den ýe­rin­den tu­ran­da ýü­rek bu­lan­ma ala­mat­la­ry hem ýü­ze çyk­ýar. Bu ýag­daý gan ba­sy­şy we nerw da­mar­la­ry­nyň işi bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, ýü­rek bu­lan­ma se­bäp bol­ýar.
Gan­da­ky şe­ke­riň pe­sel­me­gi. Ýe­riň­den tu­ra­nyň­da ba­şyň aý­lan­ma­gy­nyň se­bäp­le­ri­niň bi­ri hem gan­da­ky şe­ke­riň pe­sel­me­gi­dir. Köp ener­gi­ýa sarp et­mek, köp iş­le­mek ar­ka­ly gan­da­ky şe­ke­riň bir­den pe­sel­me­gi ýe­riň­den tu­ra­nyň­da gö­züň ga­raň­kyrap git­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şeý­le ýag­daý­da adam­da tit­re­me ala­mat­la­ry hem ýü­ze çyk­ýar.
Göz ba­sy­şy­nyň üýt­ge­me­gi. Gö­züň hem ba­syş öl­çeg­le­ri bar. Gö­züň ýa­da­ma­gy ýa-da bu­lam-bu­jar reňk­le­re uzak wagt­lap se­re­di­len­de ba­şyň aý­la­nyp, gö­züň ga­raň­kyra­ma­gy ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çyk­ýar.
Nerw da­mar­la­ry­nyň ýa­da­ma­gy. Uzak wagt­lap ýe­riň­den tur­man iş­le­mek beý­ni­niň we nerw da­mar­la­ry­nyň ýa­da­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Şeý­le ýag­daý­da kel­la­gy­ry, gör­şüň bu­laş­ma­gy ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çyk­ýar.
Gu­lak per­de­si­niň ýa­pyl­ma­gy. Gu­la­gyň hüň­le­me­gi ýa-da iç­ki gu­lak per­de­le­ri­niň dy­kyl­ma­gy gö­züň ga­raň­ky­rap git­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Bu ýag­daý goh-gal­ma­ga­lyň, gan ba­sy­şy­nyň pe­sel­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýar.
Ga­naz­lyk. Da­mar­lar­da ýe­ter­lik de­re­je­de ga­nyň aý­lan­ma­gy be­de­ni kis­lo­rod bi­len do­ly üp­jün ed­ýär. Ga­naz­lyk ala­mat­la­ry ýü­ze çy­kan­da beý­nä we be­den ag­za­la­ry­na ýe­ter­lik de­re­je­de gan bar­man, ba­şaý­lan­ma, gö­züň ga­raň­ky­ra­ma­gy ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çyk­ýar.
Al­jy­raň­ňy ýag­daý­lar. Adam gaý­gy-ala­da­ly, al­jy­raň­ňy ýag­da­ýa dü­şen­de we bir­den ýe­rin­den tu­ran­da ba­şyň aý­lan­ma­gy­na se­ze­war bol­ýar. Bu ýag­daý ýü­rek ur­şy, dem al­şyň üýt­ge­me­gi we be­den ag­za­la­ry­nyň tä­si­ri bi­len ýü­ze çyk­ýar.
Umu­man, ba­şyň aý­lan­ma­gy ada­myň iş ter­ti­bi­ne, ýa­şy­na we sag­lyk ýag­da­ýy­na gö­rä kä­te gaý­ta­la­nyp bi­ler. Ýö­ne ýe­riň­den tu­ra­nyň­da ba­şyň aý­la­nyp, gö­züň ga­raň­kyra­ma­gy yzy­gi­der­li gaý­ta­lan­ýan bol­sa, wagt ýi­tir­mez­den luk­ma­na ýüz tut­ma­ly.