Hytaýly inženerler ýangyn söndüriji uçar öndürmek üçin iş alyp barýarlar. “AG600” klasyna degişli bolan amfibik uçarlar 2025-nji ýylda taýýar ediler. Ýurduň Awiasiýa senagaty edarasy (AVIC) tarapyndan işlenip taýýarlanan howa gämisi şu ýyl synagdan geçirilip başlanar. Geljek ýyl bolsa, uçuş testleri geçiriler. Munuň üçin degişli resminama alnandan soňra bolsa, önümçilik tapgyryna geçiler. Adaty daşary ýagdaýlarda ulanmaga niýetlenip öndürilýän uçar tokaýdaky ýangyny söndürmek, deňizde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek ýaly işlerde peýdalanylar. Howa gämisiniň 12 tonna çenli suw göterip bilýär. Uçaryň pessaý belentlikde pes tizlik bilen uçup bilmegi ýangyny söndürmekde ýokary netije berer.
Uçaryň gury ýerden we suwuň ýüzünden uçup hem gonup bilýär.
Guwanç Kurbanow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň diňleýjisi.
PDF









