7-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary we iň ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar şu ýylyň aprel aýynda geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» sammitiniň ähmiýetini bellediler.

Mundan başga-da, taraplar Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasynyň çäginde energetika we ulag geçelgelerini ösdürmek, sanlylaşdyrma we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar «Türkmenistan – ÝB» bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogyň we hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň yzygiderli işiniň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

ÝB-niň wekiliýeti myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede guralandygyny belledi.