Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi Bileleşige agza ýurtlarda hem-de Islandiýa, Lihtenşteýn, Demirgazyk Makedoniýa, Norwegiýa, Serbiýa we Türkiýe ýaly “Erasmus+” maksatnamasyna girýän ýurtlarda ýaşaýan 18 ýaşlylara jemi 36 müň otly petegini mugt berer. “DiscoverEU” (Ýewropa Bileleşigini aç!) atly maksatnamanyň çäklerinde 2006-njy ýylyň 1-nji iýulyndan 2007-nji ýylyň 30-njy iýuny aralygynda doglanlar Ýewropa ýurtlaryna syýahat edip bilerler. 2018-nji ýyldan bäri geçirilýän maksatnamanyň çäklerinde ýüztutmalar internet arkaly kabul edilip, saýlananlar şu ýylyň 1-nji iýulyndan geljek ýylyň 30-njy sentýabry aralygynda 30 günläp Ýewropa şäherlerini aýlanyp bilerler.
Häzire çenli bu maksatnamanyň çäklerinde 355 müňden gowrak adama mugt otly petegi berlendigi mälim edildi.