Soňky ýyllarda Ýewropada täze demir ugurlarynyň birnäçesi açyldy. Wagtly-wagtynda ýöreýän otlular hem ýolagçylara ýeňillik döredýär, hem-de awtoulag ulanylyşyny azaldyp, howa ýetirilýän zyýany azaldýar. Indi bolsa, tutuş ýewropany öz içine alýan demir ýol ulgamynyň döredilmegi teklip edilýär. Merkezi edarasy Kopengagende ýerleşýän 21-nji Ýewropa atly aň-bilim edarasy Ýewropa ýurtlaryny metro ýollaryny hem birikdirip, bitewi ulgamy döretmegi teklip edýär. “Starline” atly bu taslamanyň howa gatnawyna bäsdeş bolup biljek, ýokary tizlikli demir ýol gatnawyny ýola goýjakdygy bellenilýär. Bitewi ulgam ýolagçylaryň we ýükleriň gysga wagtda uzak aralyga ýetirilmegini üpjün eder. Häzriki wagtda sebitde ýurduň demir ýol ulgamlaryny bitewileşdirmek maksady bilen Trans-Ýewropa gatnaw tory atly taslamanyň üstünde işlenilýär. Fransiýa we Awstriýa ýaly ýurtlarda howa ýetirilýän zyýany azaltmak maksady bilen otly bilen baryp boljak gysga aralyga uçar gatnawlary ýatyryldy. Täze teklip edilýän taslamada has giň çäkde otly gatnawynyň howa gatnawyna bäsdeş bolmagy göz öňünde tutulýar. Umumy uzynlygy 22 müň kilometr boljak taslama diňe Ýewropa ýurtlaryny däl, Angliýa, Türkiýe we Ukrainany hem öz içine alar. Otlularyň tizligi sagatda 300-400 kilometre ýeter.
Meret Meredow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.