Ýewropanyň käbir ýurtlarynda, şol sanda Fransiýada 12-nji awgustda Gün tutulmasyna garaşylýar. Bu seýrek astronomiki hadysa Ispaniýanyň demirgazygynda doly syn edip bolar. Pariž obserwatoriýasynyň alymy Waleri Leýniniň belleýşi ýaly, Fransiýada bu ýagdaý doly bolmasa-da, Günüň ýüzüniň 90 göterimden 99 göterime çenli bölegi ýapylar we bu hadysa ýurtda 1999-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýüze çykýar. Ispaniýadan başga-da, Günüň doly tutulmasyny Grenlandiýada we Islandiýada hem 100 göterim möçberde syn etmek bolar. Fransiýanyň ýokary woltly elektrik ulgamlary operatory RTE bu ýagdaý sebäpli Gün energiýasyny öndürmek işiniň gysga wagtlyk peseljekdigini, emma sarp edijiler üçin hiç hili bökdençlik bolmajakdygyny habar berdi. Hünärmenler bu hadysa bilen bagly käbir ylmy gyzyklanmalaryň saklanýandygyny mälim edýärler. Indiki doly Gün tutulmasynyň 2027-nji ýylda Atlantik ummanynda bolmagyna garaşylýar we ol Fransiýa bilen Ispaniýa bölekleýin täsir eder. Fransiýanyň çäginde Günüň doly tutulmasyna bolsa 2081-nji ýylyň 3-nji sentýabryna çenli garaşmaly bolar.
PDF








