Da­ni­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da Ýew­ro­pa­nyň iň uly des­ga­sy­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Bu ýer­de Bal­ti­ka deň­zi­niň as­tyn­dan ge­çip, Ger­ma­ni­ýa bi­len Da­ni­ýa­ny bi­rik­dir­jek su­was­ty ge­çel­ge gu­rul­ýar. Tun­nel­den aw­tou­lag hem-de de­mir­ ýol ge­çer. Uzyn­ly­gy 18 ki­lo­metr bol­jak «Feh­marn­belt» ge­çel­ge­sini Bri­ta­ni­ýa bi­len Fran­si­ýa­nyň ara­ly­gyn­da­ky uzyn­ly­gy 50 ki­lo­metr bo­lan Ýew­ro­tun­nel bi­len de­ňeş­di­rip bol­maz, ýö­ne bu tun­nel su­wuň has aşa­gyn­dan geç­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 40 metr çuň­luk­da gu­rul­ýan ötük Bal­ti­ka deň­zin­de Da­ni­ýa­nyň Lol­land hem-de Ger­ma­ni­ýa­nyň Feh­marn ada­la­ry­ny bi­rik­di­rer. Bu tun­nel­de iki ta­rap­la­ýyn de­mir­ ýol hem-de dört zo­lak­ly aw­to­ýol bo­lar. Skan­di­na­wi­ýa bi­len Mer­ke­zi Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­ni bi­rik­dir­jek tas­la­ma­nyň ba­ha­sy­nyň
7 mil­liard ýew­ro­dy­gy mä­lim edil­di. Tun­nel­den ot­lu­lar 7 mi­nut­da, aw­tou­lag­lar 10 mi­nut­da ge­çer. Tas­la­ma­nyň 2029-njy ýyl­da ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Ol­ga BU­KI­NA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Neşirleri toplamak we işlemek bölüminiň müdiri.