Ýewropanyň futbol taryhynda ilkinji gezek milli çempionatyň duşuşyklary yklymyň çäginden daşaryda, başga bir yklymda geçiriler. “La Liganyň” 17-nji tapgyrynda oýnaljak “Wilýarreal” bilen “Barselonanyň” hem-de “Serie A”-nyň 24-nji tapgyrynda oýnaljak “Milan” bilen “Komonyň” arasyndaky arasyndaky duşuşyklar Ýewropada geçirilmez. UEFA taraplaryň ylalaşygyny tassyklap, duşuşyklaryň başga yklymlarda oýnalmagyna ygtyýar berdi.

Bu barada UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin: “Aslynda milli çempionatlar öz degişli ýerlerinde oýnalmaly. Ýogsam wepaly janköýerlere duşuşyklara gatnaşmakda bökdençlikler döredip biler. Bu jogapkärli meselä gatnaşan 55 milli assossiasynyň degişli wekillerine sag bolsun aýdýaryn. Gynansagam milli ligalaryň 2 duşuşygy yklymyň daşynda geçiriler. Bu adatdan daşary ýagdaý we mundan soň nusga alarlyk ýagdaý däldir. Biziň maksadymyz belli, milli ligalaryň bitewiligini goramak we futbolyň öz öýüniň gurşawynda galmagyny üpjün etmekdir” diýip, beýanat berdi.

Şunlukda, “Wilýarreal” – “Barselona” duşuşygy ABŞ-nyň Maýami şäherinde, “Milan” – “Komo” duşuşygy Awstraliýanyň Pert şäherinde geçiriler. “Wilýarreal” – “Barselona” duşuşygy 21-nji dekabrda geçirilse, “Milan” – “Komo” duşuşygy geljek ýylyň 6-njy fewralynda Pert şäherindäki “Optus” stadionynda oýnalar.  Ýeri gelende bellesek, geljek ýylyň 6-njy fewralynda “San Siro” stadionynda gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler.