Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleri iýul aýynda ýurdumyzda saparda bolar

5

26-njy iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu düzümiň ýolbaşçysynyň geljek aýda ýurdumyza saparyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda bu saparyň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalarynyň mazmunynyň üstünde işlemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistan bilen bu bankyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýangyç-energetika, ulag, ekologiýa, bank-maliýe ýaly ugurlar boýunça degişli resminamalaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň abraýly maliýe institutlary, halkara banklar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini, Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.