27-nji ýanwarda Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Agzalan mejlisiň dowamynda «2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda» göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek boýunça meselä garaldy.
Hususan-da, bu meýilnamanyň 3-nji ileri tutulýan ugry, ýagny “Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk” atly bölümini YHG-nyň sebitinde durmuşa geçirmek bilen bagly teklip bu Gurama tarapyndan öňe sürüldi. Agzalan teklip hem-de ony durmuşa geçmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi Geňeş tarapyndan goldanyldy.
Türkmenistanyň Ilçisi, YHG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Y.Gaýypow agzalan başlangyjyň goldanylandygy üçin YHG-nyň Sekretariatyna we agza ýurtlaryň wekillerine hoşallyk bildirdi hem-de onuň durmuşa geçirilmegi ugrunda taraplaryň işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirýändigini mälim etdi.
Mundan başga-da, «2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy we YHG sebiti» atly mowzuk boýunça BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gurama tarapyndan alnyp barlan işler hem-de geljekde meýilleşdirilýän hereketler beýan edildi.
Ozal türkmen tarapynyň teklibi boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň “Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk” atly 3-nji ileri tutulýan ugry öňümizdäki döwürde kabul ediljek YHG-nyň «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary – 2035» resminamasynyň taslamasyna girizildi.
Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmi internet sahypasynda «AWAZA Programme of Action 2024-2034 and the ECO Region» atly bölüm döredildi.

AWAZA Programme of Action 2024-2034 and the ECO Region