Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ila­ty­my­zyň sag­dyn­ly­gy­ny go­ra­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ha­ta­ryn­da ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ýo­kanç ke­sel­le­ri düý­bün­den ýok et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän mö­hüm çä­re­ler giň ge­rim­de ýaý­baň­lan­ýar.
Öňü­ni alyş san­jym­la­ry ýur­du­myz­da ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar. Ça­ga­la­ryň we uly ýaş­ly adam­la­ryň ara­syn­da ke­sel­le­riň öňü­ni alyş san­jym­la­ryň ýa­şy­na gö­rä we köp­çü­lik­le­ýin ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­ler düý­bün­den ýok edil­di. Bu ke­sel­le­riň düý­bün­den ýok edil­me­gi hal­ka­ra gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­di we de­giş­li gü­wä­na­ma­lar bi­len tas­syk­lan­dy. Hä­zir­ki wag­t­da hem öňü­ni alyş san­jym­la­ry ge­çi­ril­ýär. Ke­sel­le­riň gar­şy­sy­na san­jym iş­le­ri ýur­du­myz­da ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek­de, aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de yg­ty­bar­ly se­riş­de bo­lup dur­ýar.
Bu ge­çi­ril­ýän ke­sel­le­riň öňü­ni alyş çä­re­le­ri örän mö­hüm çä­re­dir. Ýur­du­myz­da her ýyl­da Im­mu­ni­za­si­ýa hep­de­li­gi ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem möw­süm­le­ýin ýi­ti res­pira­tor ke­sel­le­riň öňü­ni alyş san­jym­la­ry­ny al­mak ba­ra­da luk­man­lar we şe­pa­gat uýa­la­ry ta­ra­pyn­dan ila­tyň ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Öňü­ni alyş san­jym­la­ry dö­räp bi­läý­jek bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da örän wa­jyp­dyr. Mun­dan baş­ga-da, ulu­la­ry we ça­ga­la­ry dür­li ke­sel­ler­den go­ra­mak üçin ke­se­liň öňü­ni alyş san­jym­la­ry­ny öz wag­tyn­da al­ma­ly­dy­gy ba­ra­da gür­rüň­deş­lik­ler hem ge­çi­ril­ýär.
Ça­ga­la­ry dö­räp bi­läý­jek dür­li ke­sel­ler­den go­ra­mak ze­rur­dyr. Aý­ra­tyn hem ça­ga iki ýa­şa­ýan­ça san­jym çä­re­le­ri­ni ge­çir­mä­ge uly üns ber­me­li­di­gi, ça­ga luk­ma­nyň gör­kez­me­si bi­len san­jym edil­ýän­di­gi ba­ra­da he­mi­şe dü­şün­di­riş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Her bir ça­ga­nyň ýa­şy­na gö­rä san­jym­lar öz wag­tyn­da do­ly we dog­ry edil­se, on­da san­jym­la­ryň ne­ti­je­si has hem ar­tar we çaga ke­sel­ler­den go­rag­ly bo­lar.
Me­ýil­na­ma bo­ýun­ça san­jym edil­jek ra­ýat­lar üçin ýö­ri­te ýa­zuw­lar ge­çi­ril­ýär we öňü­ni alyş san­jym­la­ry edil­ýär. Bu edil­ýän san­jym­lar be­de­niň gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny güýç­len­dir­ýär. Luk­man­lar we şe­pa­gat uýa­la­ry ta­ra­pyn­dan san­jym ýö­ri­te me­ýil­na­ma esa­syn­da Sag­lyk öý­le­ri­ne ça­gy­ry­lyp de­giş­li ter­tip­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni dur­mu­şa or­naş­dyr­mak, yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, di­kelt­mek, pug­ta­lan­dyr­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ry wag­tyn­da ýü­ze çy­kar­mak we be­jer­mek, ada­myň ömrüni uzalt­mak, berk be­den­li ýaş ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty giň­den wa­gyz et­mek, aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek, uky­ny do­ly we ka­da­ly al­mak sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­sy sü­tün­le­ri­dir.
Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy ha­kyn­da he­mi­şe ala­da edil­ýär. Adam öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak­da onuň öz sag­ly­gy ba­ra­da ala­da­lan­ma­gy, özü­ni alyp bar­şy, zäh­met bi­len dynç al­şy saz­laş­dyr­ma­gy, sag­dyn we ka­da­ly iý­mit­len­me­gi, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy, iş­jeň he­re­ket­de bol­ma­gy mö­hüm bo­lup dur­ýar. Bu düz­gün­ler ber­jaý edil­se sag­dyn, berk be­den­li hem-de uzak ýa­şa­ma­ga ýar­dam be­rer. Mu­nuň üçin zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­ma­ly. Di­ňe sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip ýa­şa­ma­ly. Şeý­le edi­len­de sag­dyn we berk be­den­li bol­ma­ga, ömür do­wa­ma­ty­nyň art­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­re­ýär.

Je­ren Ju­ma­ýe­wa,
Aşgabat şäherindäki 5-nji Saglyk öýüniň baş lukmany.