Aşgabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammiti öz işine başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde bu sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Sayed Ebrahim Raisi, Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Sammitde ilki bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan çykyş etdi. Prezident Ärdogan sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetine ünsi çekip, ulag logistika ugurlaryny ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Sammitde gurama gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky söwda,ykdysady, maýa goýum we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

YHG-nyň 15-nji sammitine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Geljek üçin bilelikde” şygary bilen ýolbaşçylyk edýär. Sammtiň dowamynda YHG-nyň maksatnamalaryna we işlerine syn bermekden başga-da, söwda, aragatnaşyk, energiýa, syýahatçylyk, ykdysady ösüş, durmuş üpjünçiligi we daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlygy görkezýär.