Eziz Wa­ta­ny­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän şert­le­rin­de dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­ri bi­len ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge, hä­zir­ki za­ma­nyň öň­de­ba­ry­jy bi­lim­le­ri­ni, do­lan­dy­ryş çöz­güt­le­ri­ni or­naş­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 – 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň» we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty äh­lu­mu­my stra­te­gik mö­hüm gu­ral hök­mün­de dün­ýä we se­bit döw­let­le­ri, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­ýär.
Ýur­du­myz yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly ösü­şe eýe bo­lup, soň­ky ýyl­lar­da yk­dy­sa­dy, söw­da ba­bat­da­ky gat­na­şyk­la­ryň giň ge­ri­me eýe bol­ma­gy, da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na türk­men te­le­ke­çi­le­ri ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän önüm­le­re, ha­ryt­la­ra uly is­leg bil­di­ril­me­gi öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn ne­ti­je ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­ne öw­rül­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­ne şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gi­niň jem­le­ri hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr. 2025-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi 6,3 gö­te­rim art­dy, şol san­da ösüş dep­gi­ni se­na­gat pu­da­gyn­da 0,3 gö­te­ri­me, gur­lu­şyk­da 3,8 gö­te­ri­me, ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da 11,1 gö­te­ri­me, söw­da­da 9,9 gö­te­ri­me, oba ho­ja­ly­gyn­da 4 gö­te­ri­me, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 8,8 gö­te­ri­me deň bol­dy. 2024-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, je­mi ön­dü­ri­len önü­miň möç­be­ri 9,6 gö­te­rim art­dy. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da oňyn önüm­çi­lik gör­ke­zi­ji­le­ri ga­za­nyl­dy. Ha­sa­bat döw­rün­de Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy ta­ra­pyn­dan 72 bir­ža söw­da­sy ge­çi­ri­lip, olar­da 6 müň 878 şert­na­ma ha­sa­ba alyn­dy. Şu ýy­lyň ýan­war–mart aý­la­ryn­da Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ösüş dep­gi­ni 102,1 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­me­giň ösüş dep­gi­ni 107,1 gö­te­ri­me, se­na­gat önüm­le­ri­ni ön­dür­me­giň ösüş dep­gi­ni 104,3 gö­te­ri­me deň bol­dy. De­giş­li dö­wür­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti we elekt­ron söw­da­ny ös­dür­mekde al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ryn­da we söw­da no­kat­la­ryn­da azyk önüm­le­ri­niň hem-de beý­le­ki ze­rur ha­ryt­la­ryň üp­jün­çi­li­gi­ni üns mer­ke­zin­de sak­la­mak, dok­ma kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­ri­ň gör­nüş­le­ri­ni we möç­be­ri­ni art­dyr­makda ze­rur iş­le­ri ge­çir­mek ba­bat­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka­la­ra ut­gaş­ýar. Şu ýyl­da je­mi içer­ki önü­miň möç­be­rin­de döw­le­te da­hyl­syz bö­le­giň pa­ýy­nyň 71,6 gö­te­ri­me deň bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, hu­su­sy pu­da­ga ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek, di­wer­si­fi­ka­si­ýa sy­ýa­sa­ty­ny iler­let­mek, im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, eks­port edil­ýän ha­ryt­la­ryň gör­nü­şi­ni we möç­be­ri­ni art­dyr­mak üçin ze­rur­dyr. «Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, şu ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na je­mi 40,1 mil­liard ma­nat möç­be­rin­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­dir­mek me­ýil­leş­di­ril­di.

Gül­na­bat AL­LA­NA­ZA­RO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.