Ynsana zerur bilimler we pikirler adatça, kitaplardan alynýar. Kitap diňe bir maslahatçy bolman, eýsem, dünýägaraýşymyzy hem giňeldýär. Bu bolsa durmuşymyzyň hiline gönüden-göni täsirini ýetirýär. Kitap köp asyrdan bäri dowam edip gelýän bilimleriň, baý tejribeleriň we özboluşly usulyýetleriň genji-hazynasydyr. Biz dünýä belli awtorlaryň eserlerini okap, dünýägaraýşymyzyň çäklerini has-da giňeldýäris. Kitaplar hakydalarymyzyň, göz öňüne getirmelerimiziň, sagdyn pikirlenmek ukyplarymyzyň we mantyga laýyk pikir ýöretmelerimiziň ösüşine düýpli täsir edýär. Okyjy haýsydyr bir edebi gahryman arkaly özüniň hakyky keşbini görüp bilýär. Eserdäki gahrymanlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, olaryň keşbini durmuşynda amala aşyrmaga synanyşýar. Birahat edýän sowallaryň ählisiniň jogabyny kitaplardan tapyp bolýar. Çünki kitaplarda eždatlarymyzyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän baý tejribeleri öz beýanyny tapýar.
Kitap özümize bolan ynamy artdyrmakda, öz-özümizi kämilleşdirmekde ýardam berip, durmuşda üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär. Olar bizi gurşap alýan dünýä barada täze düşünjeleri açyp berýär, biziň ozal güman hem etmedik durmuş öwrümlerimiz barada oýlanmaga mejbur edýär. Kitap biziň aňymyza ozal nätanyş bolan täze durmuş äheňlerini siňdirýär. Mysal üçin, «Eýsem, meniň durmuşdaky wezipäm nämeden ybaratka?» diýen sowala kitaplardan jogap agtarylýar. Häzirki zaman dünýäsinde bolsa, maglumatlaryň ägirt uly, käwagt bolsa, aýgytly ähmiýete eýedigi hiç kime gizlin zat däldir. Şu günki günde bizi maglumatlaryň ägirt uly akymy gurşap alyp, bize diňe olaryň iň ygtybarlysyny saýlap okaýmak galýar.
Biz her günde okap, derrew hem netijä garaşmaly däldiris. Biziň aňymyzda özgermeler hemişe bolup durýar, ýöne biz ony duýmaýarys. Hakyky kitaplar bizi gowulyga tarap özgerdýär. Diňe her günde az hem bolsa, haýsydyr bir täze zatlary öwrenmäge ýykgyn etmeli. Şunuň ýaly tagallalar wagtyň geçmegi bilen özüniň miwesini berýär, netijede, biz ägirt uly bilime eýe bolarys. Kitap okamaýan adamlar ujypsyz sözlük gorlaryna eýe bolup, olar hatda ýönekeý pikirlerini hem söz arkaly beýan etmekde kynçylyk çekýärler. Şahsy ösüş gazanmak we öz-özüňi kämilleşdirmek üçin köp sanly kitaplaryň okalmagy zerurdyr. Kitaplardan alnan bilim diňe bir ýatda saklanman, eýsem, olary durmuşda hem ornaşdyrjak bolmaly. Bilmek – başarýandygymyzy aňlatmaýar. Diňe alnan bilim ulanylan halatynda, netije berýär. Kitap saýlananda aýratyn dykgat bilen çemeleşmeli. Onda beýan edilýän mowzuklar diňe seniň özüň üçin gyzykly bolman, eýsem, şu günki gün üçin hem ähmiýetli bolmalydyr. Mysal üçin, eger-de siz girdejileriňizi artdyrmak isleýän bolsaňyz, onda siziň biznes bilen baglanyşykly kitaplary saýlamagyňyz zerurdyr.
Jemal GARAMESOWA, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.