Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň!
Gartaşan adamlar we çagalar daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna «oksolin» melhemini çalmaly.
Ýiti respirator keseliň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp üşütmegi we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar. Eger-de siz ýa-da maşgalaňyzyň bir agzasy ýiti respirator ýokanç kesel bilen näsaglan bolsa, lukmana ýüz tutmaly we diňe maşgala lukmany tarapyndan bellenen, ýöriteleşdirilen bejergini kabul etmeli.
Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde hem örän peýdaly tagamdyr. Naharyň gapdalyndan sogan we sarymsak iýmegi endik ediniň!
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.