In­ter­net tiz­li­gin­de tä­ze re­kord

179

Ýa­po­ni­ýa­da se­kunt­da in­ter­net tiz­li­gin­de tä­ze re­kord ha­sa­ba alyn­dy. Ýur­duň Mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty (NICT) se­kunt­da 1,02 pe­ta­bit mag­lu­mat ge­çi­rip, re­kord go­ýan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di. Ins­ti­tu­tyň hü­när­men­le­ri di­ňe bir ýag­ty­lyk çeş­me­si hem-de op­tiki çip ar­ka­ly şeý­le tiz­li­ge ýe­ten­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler. Hü­när­men­ler bar bo­lan inf­rast­ruk­tu­ra­nyň tä­ze ýe­ti­len tiz­li­ge uý­gun­la­şyp bil­jek­di­gi­ni aýdýarlar. Şeýle hem in­ter­ne­tiň tiz­li­gi­ni art­dyr­mak üçin has köp ge­çi­ri­ji ulan­ma­gyň de­re­gi­ne, tol­kun «da­ra­gy» at­ly la­zer çeş­me­sin­den peý­da­lan­ma­gy tek­lip ed­ýär­ler. Op­ti­ki çip la­ze­ri ýag­ty­lyk spekt­ri­ne böl­ýär we ýüz­ler­çe ta­pa­wut­ly reňk ön­dü­ri­lip, tol­kun «da­ra­gy» dö­re­dil­ýär. Bu reňk­le­riň her bi­ri mag­lu­mat ge­çir­mek­de peý­da­la­nyl­ýar.
Hä­zir­lik­çe la­bo­ra­to­ri­ýa şert­le­rin­de ha­sa­ba al­nan tiz­lik şä­her­ler­dä­ki inf­rast­ruk­tu­ra otur­dy­lan ýag­da­ýyn­da ýa­kyn gel­jek­de 12 müň 500 TB mag­lu­mat diý­me­gi aň­lad­ýan 100 Pbit/se­kunt in­ter­net tiz­li­gi­ dur­mu­şa ge­çi­ril­ip bilner.

Baý­ram JU­MA­NI­ÝA­ZOW,
Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.