Ertekilerde «tokaýyň şasy» hökmünde suratlandyrylýan ýolbars äpet we eýmençdigine garamazdan, köp kişiniň iň eý görýän jandarlarynyň biridir. Ýyl-ýyldan sany azalýan bu ýyrtyjylaryň sanynyň häzirki wagtda 40 müň töweregidigi çaklanylýar. Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşigi (IUCN) tarapyndan goralýan ýolbarslaryň esasy bölegi Afrikadyr Aziýada ýaşap, Ýewropanyň käbir sebitlerinde hem duş gelýär. Her ýylyň 10-njy awgustynda Bütindünýä ýolbars güni bellenilip geçilýär.
Gyzykly maglumatlar:
«Tokaýyň şasy» diýilýändigine garamazdan ýolbarslar tokaýda däl-de, sähralarda, sawannalarda we düzlüklerde ýaşaýarlar.
Ýolbars 11 metr aralyga böküp bilýär. Bu äpet ýyrtyjy sagatda 80 kilometr tizlikde ylgap bilýär.
Afrikaly ýolbarslar maşgala toparyny berk saklaýarlar. Bularyň her toparynda maşgalany dolandyryjydan başlap, aw edijiler we çaga ýolbarslara çenli 15 töweregi agzasy bar.
Ýolbarslar Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşigi tarapyndan ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda bu äpet ýyrtyjylaryň ýaşaýan ýeri azalyp, iýmit tapmagy barha kynlaşýar.
Aziýada we Ýewropanyň käbir sebitinde duş gelýän ýolbarslaryň ählisiniň asly afrikaly bolup, Hindistanyň demirgazyk-günbataryndaky Sasan-Gir milli seýilgähinde 400 töweregi ýolbars ýaşaýar. Ýolbarslaryň esasy bölegi Afrikanyň demirgazygynda, Saharanyň günortasynda duş gelýär.
Ýolbarsyň tüýüniň reňki näçe ýaşyndadygyny görkezýär. Ýolbarsyň erkegi garradygyça, boýnundaky tüýi hem garalyp ugraýar.
Adatça ýolbarslaryň köpelýän jynsy aw awlaýar, erkegi bolsa süriniň ýaşaýan ýerini goraýar. Şeýle-de bolsa, awlanyp getirilen oljany ilki bilen erkek ýolbars iýýär.
Ýolbarslaryň 1 metrlik guýrugyny hasaba almasaň, göwresiniň uzynlygy 2 metre çenli ýetýär.
Ýolbarsyň arlaýan sesini 8 kilometr uzaklykdan eşidip bolýar.
Agramy 250 kilograma ýetýändigine garamazdan, ýolbarslar ýörände topugy ýere degmeýär.
Erkek ýolbarslar ýatmagy gowy görýärler. Ýolbarslar her gün 20 sagada çenli uklap bilýärler.