Lukmanlar maşkyň adam bedeniniň fiziki işjeňligini artdyryşy ýaly, beýnini hem işjeňleşdirip boljakdygyny belleýärler. Beýniniň işjeňligi pikirleniş usullarynyň köpelmegi bilen baglydyr. Munuň üçin her gün az wagtlyk hereket ýeterlik. Arassa howada gezelenç etmek adamyň döredijilik ukybyny hem ösdürýär. Fiziki hereket haýsydyr bir soragda netije çykarmakda hem beýniniň çalt işlemegine sebäp bolýar. Bilermenler beýni bilen adamyň immunitetiniň arasynda hem baglanyşygyň bardygyna ünsi çekýärler. Gaýgy, ukusyzlyk we aşa köp işlemek diňe beýniniň işjeňligini däl, eýsem adamyň immunitetini hem artdyrýar. Kadaly uky hem-de maşk adamyň zehin we fiziki taýdan sagdyn bolmagyna getirýär. Yzygiderli edilýän maşklar gijesine rahat uklamaga hem ýardam edýär. Ukusyny kadaly alan adam bolsa, sagdyn pikirlenip, dogry netije çykaryp bilýär.

Gülendam Gökowa, Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.