11-nji aprelde Yragyň parlamenti Bagdatda geçirilen ses berişligiň netijesinde ýurduň ozalky daşky gurşawy goramak ministri Nizar Amedini Respublikanyň täze Prezidenti wezipesine saýlady. Kürdistanyň watançylar birleşigi (PUK) partiýasynyň wekili bolan Amedi ses berişligiň ikinji tapgyrynda 227 sese eýe bolup, bäsdeşi Mutana Amin Naderden (15 ses) uly tapawut bilen öňe saýlandy we resmi taýdan kasam kabul etdi. Ýurduň Konstitusiýasyna görä, täze saýlanan döwlet Baştutany 15 günüň dowamynda iň uly parlament blogynyň liderine hökümeti gurmak wezipesini tabşyrmalydyr.
Prezident saýlawlaryna 329 orunlyk parlamentden 250 deputat gatnaşyp, bu san kanunçylykda talap edilýän 220 deputatlyk kworumy üpjün etdi.
Birinji tapgyrda Amedi 208 ses alsa-da, dalaşgärleriň hiç biri sesleriň üçden iki bölegini alyp bilmändigi sebäpli ses berişlik ikinji tapgyra geçdi we ol ýerde ýönekeý köpçülik bilen ýeňiş gazanyldy.
Täze Prezident Nizar Amedi 1968-nji ýylda Duhok şäherinde dünýä indi. Ol hünäri boýunça tehniki bilimli bolup, 2022–2024-nji ýyllar aralygynda ýurduň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinde işledi, şeýle hem mundan ozalky Prezidentler Jelal Talabani, Fuad Masum we Abdul-Latif Raşidiň geňeşçisi boldy. Saýlawdan soň eden çykyşynda Amedi “Ilki bilen Yrak” ýörelgesine wepaly boljakdygyny we ýurduň öňünde duran çylşyrymly meseleleri çözmäge çalyşjakdygyny nygtady.
Yragyň syýasy ulgamyna görä, prezidentlik wezipesi ýurduň kürt jemgyýetiniň wekiline berilýär we esasan, wekilçilikli häsiýete eýe bolup, esasy ýerine ýetiriji häkimiýet Premýer-ministriň elinde jemlenýär. 2022-nji ýyldan bäri bu wezipäni eýeläp gelen 9-njy Prezident Abdel Latif Raşid bu gezekki saýlawlarda öz dalaşgärligini hödürlemedi.
PDF









