Häzirki Yragyň Premýer-ministri Mohammed al-Sudaniniň ýolbaşçylygyndaky “Gurluşyk we ösüş koalisiýasy” Arap Respublikasynyň Wekiller geňeşine (parlamentine) geçirilen saýlawlarda sesleriň köpüsine eýe boldy. Ýokary saýlaw komissiýasynyň ýaýradan deslapky maglumatlaryna görä, şaýy güýçleriniň bu bileleşigi Bagdatda, şeýle hem Yragyň günortasyndaky En-Najaf we Kerbela welaýatlarynda 410 müňden gowrak ses alyp ýeňiş gazandy.
“Hemmeleri ýurduň bähbitlerini ileri tutmaga we saýlawçylaryň isleglerine hormat goýmaga çagyrýarys” diýip, as-Sudani netijeler çap edilenden soňra aýtdy. Onuň sözlerine görä, “indiki tapgyryň maksady öz maksatnamalaryny durmuşa geçirip bilýän täze hökümeti döretmekdir”. Şeýle hem, Mohammed al-Sudani öz koalisiýasynyň “ähli partiýalar bilen” hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyny tassyklady.
Maglumatlara görä, parlamentiň öňki başlygy Mohammed al-Halbusiniň ýolbaşçylygyndaky sünnileriň “Progress” bileleşigi Bagdatdaky ses berişlikde 284,109 saýlawçynyň goldawyny alyp, ikinji orny eýeledi. Öňki Premýer-ministr Nuri al-Malikiniň ýolbaşçylygyndaky “Kanun döwleti” şaýy koalisiýasy 228,244 ses bilen üçünji orny eýeledi.
Yrakda umumy ses berişlik 11-nji noýabrda geçirildi. 31 bileleşigiň we 38 partiýanyň wekilleri, şeýle hem garaşsyz dalaşgärler 329 orun üçin bäsleşdiler. Jemi 7,768 dalaşgär hasaba alyndy, olaryň arasynda 2,248 zenan bar.
Konstitusiýa görä, Yragyň parlamentiniň agzalary her dört ýyldan saýlanýar. Netijeler tassyklanandan soň, Wekiller geňeşi ilkinji mejlisini geçirmek üçin ýygnanýar we başlyk saýlanýar. Mundan soň, parlament 30 günüň dowamynda ýurduň Prezidentini saýlamaly, we ol öz gezeginde iň uly koalisiýa Premýer-ministr wezipesine dalaşgär hödürlemek barada görkezme bermeli. Dalaşgär täze Ministrler Kabinetini döretmek baradaky teklibini öňe sürmeli we deputatlardan tassyklanmagyny soramaly. Eger-de ol parlament agzalarynyň köpüsi tarapyndan goldanylsa, hökümet döredilen hasaplanýar. Eger tersine bolan halatynda Prezident täze dalaşgäre Ministrler Kabinetini düzmegi tabşyrýar.
PDF









