28-nji oktýabrda “The Gulf Observer” habarlar agentligi we “The Gulf Observer Research Forum” ylmy-derňew merkezi Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly tegelek stol geçirdi. Çäräni “The Gulf Observer” habarlar-seljeriş merkeziniň wekili Muhammad Ali Paşa alyp bardy.

Tegelek stola BMG-niň Pakistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Mohamed Yahýa, şeýle hem Pakistanyň ylmy-derňew merkezleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň tejribeli bilermenleri, habarçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn daşary syýasatyna ýokary baha berdiler.

Çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň dialogy ösdürmäge, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli parahatçylykly syýasaty dowam etdirýändigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamow öz çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň soňky 30 ýylyň içinde geçen ösüş ýoly hem-de 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreler barada gürrüň berdi.

Tegelek stol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny hem-de ýurduň ählumumy parahatçylygy we özara ynanyşmagy berkitmekdäki möhüm ornuny ýene-de bir gezek tassyklady.